Şadyýan çagalygyň mekany

8 Maý 2024
1419

Halkymyzyň ruhy hazynasynda «Ejem eli ak pamyk», «Ene — Käbe, ata — Kybla», «Ene eli — em, dili — melhem» ýaly nakyllaryň üsti bilen enelere bolan belent sarpa teswirlenýär. Ene çaga dünýä inen gününden başlap sagdyn, ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, zähmetsöýer, ahlak taýdan arassa, hoşniýetli, ynsanperwer adam bolup ýetişmegi üçin yhlasly alada edýär. Ogul-gyz hem kämillik ýaşyna ýeteninden soňra ata-enesiniň öňündäki perzentlik borçlaryny berjaý etmäge çalyşýar.

Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda «Men mähriban käbämiň öňünde özümiň perzentlik borjumyň has uludygyny duýýaryn. Çünki öz il-halkymyň ykbalyna nur çaýýan işleri durmuşa geçirmäge güýçli ymtylyşymyň we yhlasymyň özeninde käbämiň ynamynyň ilkinji orny eýeleýändigine ynanýaryn» diýip, döwletimiziň ykdysady taýdan ösmegini üpjün etmekde, bilimi, ylmy, medeniýeti, sungaty, oba hojalygyny we beýleki pudaklary ösdürmekde alyp barýan işleriniň rowaçlanmagynda eziz ejesiniň ynamynyň uly ornunyň bolandygyny nygtaýar.

Çary SARYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri.