1992-nji ýylyň 18-nji maýy Konstitusiýanyň kabul edilen senesi bolmak bilen, şol gün ählihalk baýramy diýlip yglan edildi. Konstitusiýanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň milli hukuk ulgamynyň taryhynda möhüm waka bolup, kanunçylygyň ähli ugurlarynyň, şahalarynyň ösüşi üçin ýörelgedir.
Esasy Kanunymyzda maşgalany pugtalandyrmaga, maşgala gymmatlyklaryny goramaga gönükdirilen ýörelgeleýin kadalar mynasyp orun tutýar. Maşgala döwlet tarapyndan goralýar. Çüňki döwletiň, jemgyýetiň binýadyny düzýän, agzybirlik, adalatlylyk, zähmetsöýerlik, birek-birege hormat goýmak ýaly umumadamzat gymmatlyklary maşgalada kemala gelýär. Maşgala jemgyýetimiziň jebisligini pugtalandyrmakda wajyp ähmiýete eýedir. Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasyna laýyklykda maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar. Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýalyň özara razylygy boýunça nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýal deňhukuklydyrlar. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga hukuklydyrlar we borçludyrlar.