Agzybir maşgala — jemgyýetiň berkligi

2 Maý 2024
1023

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda adam hakda edilýän alada döwrüň hem, döwletiň hem öňünde durýan iň bir möhüm wezipeleriň biridir. 2024-nji ýylyň 30-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynda kabul edilen kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalar, şonuň ýaly-da, ýurdumyzda öňden hereket edip gelýän kanunlara girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Hakykatdan hem döwür bilen aýakdaş gadam urup, günsaýyn ösüşleri nazarlaýan türkmen jemgyýetinde hereket edýän kanunlary ösen türkmen jemgyýetine görä kämilleşdirmek döwrüň talabydyr. Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýýan jogapkärli wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» we «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, ýurdumyzda maşgala mukaddesligini has-da berkitmekde, jemgyýetde maşgala gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde hem-de eneligiň, atalygyň we çagalygyň goraglylygynyň hukuk taýdan üpjünçiligini döwlet tarapyndan kepillendirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Maýsa JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Köneürgenç etrap raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölüminiň müdiri.