Mele-myssyk çöregiň ysy, baharyň ysy, bäbegiň ysy, atyryň ysy, gülleriň ysy... Bu ýakymly yslar burnumyza uran wagty üýtgeşik lezzet alýarys. Howurpeçden çykarylan gyzgynja kökeleriň, süýjülikleriň ýakymly ysy süýji duýgular bilen garşy alynsa-da, käbir naharlaryň ysy burnuňa ýakman biler. Bişen soganyň, gyzardylan ýeralmanyň, gaýnadylan kelemiň we şuňa meňzeş gök önümleriň ysy bolýar. Şeýle ýagdaýda aşhananyň penjiresini açmak hem-de ys sorujyny iň ýokary derejede işletmek ilkinji görülmeli çärelerdir. Eger ýakymsyz ys öte gelýän bolsa, onda aşhanada islendik önüm gowrulýan wagty tabagyň içine dalçyn taýajyklaryny goýmak ýa-da lawr ýapragyny suwda gaýnatmak ýeterlikdir. Kelem gaýnadylan wagty onuň suwuna az mukdarda süýt goşsaňyz ýa-da tebigy matadan tikilen halta azrak çörek böleklerini salyp, gazana atsaňyz, agyr ysyň aýrylmagyna ýardam eder. Bişen soganyň ysyny aýyrmak üçin bolsa, saçda azrak kofe bölejiklerini gowurmak maslahat berilýär.