HABARLAR

Ejeme meňzeş ene

Ejem baradaky ýakymly duýgulara berlip oturyşyma, nädip galam-depderimi elime alanymy duýman galypdyryn. Gözümiň alnynda ejemiň nurana keşbi janlandy. Ejeli günlerimiň ýakymly ýatlamalary hakydama doldy. Ejem teleýaýlymda berilýän tanymal sungat ussatlary baradaky gepleşikleri hezil edip diňlärdi. Aýdym-sazyň jadylaýjy gudratynyň täsiri diýseň güýçli bolýar. Haçan-da, ejem Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, doganlar Berdiýewalar, Oguljan Makyýewa we beýleki aýdymçylary diňläninde, şolar bilen deň hiňlenerdi. Ejem tara dokardy. Asyl ejem gyz wagtlaram haly dokar ekeni. Käte goňşy gelnejeleriň dokap oturan halysyna-da kömekleşerdi.

Dünýäniň diregi

Eneler barada näçe ýazsaň-da, ol mähribanlary näçe taryp etseň-de az. Çünki ol seniň eziz käbäň, ýeke-tägiň, gözleriň röwşeni, ýagty dünýä indereniň, janyndan jan bereniň. Seň şanyňa goşgy ýazasym gelýär,

Maşgala sarpasy

Durmuşymyzdaky iň uly baýlyk — maşgaladyr. Maşgala jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolup, dogry we sazlaşykly şahsyýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şoňa görä-de, maşgala gymmatlygyna dünýä ýüzünde aýratyn sarpa goýulýar. Jemgyýetçilik ösüşi üçin maşgala abadançylygyny üpjün etmek we maşgalalaryň ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1987-nji ýylda «Maşgalalaryň halkara gününi» yglan etmek meselesine seretdi. 1989-njy ýylyň 9-njy dekabrynda bolsa 1994-nji ýyly «Maşgalalaryň halkara ýyly» diýip yglan etdi. Her ýylyň 15-nji maýynda bellenilip geçilýän «Maşgalalaryň halkara güni» 1993-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen ykrar edildi. Baýramyň bellenip geçilmegi maşgala bilen bagly meselelerden habarly bolmaga hem-de maşgalalaryň ýagdaýyna täsir edýän jemgyýetçilik-ykdysady we demografik ýagdaýlar barada bilimi çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Süýtde bişen kädi

Gerekli önümler: 180 g kädi, 400 g süýt, 10 g şeker, 5 g duz.

Maşgala — döwletiň synmaz sütüni

Hormatly Prezidentimiziň «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» diýen dürdäne sözlerini şygar edinip, golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Akdepe etrap guramasy maslahat geçirdi. Etrapdaky 55-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata bilim ulgamynda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar. Maslahatyň maksady ýurdumyzda kämil jemgyýeti kemala getirmekde maşgalanyň ornuny açyp görkezmek, zenanlary hormatlamak, maşgalany goramak, jemgyýetiň arassalygyny hem sagdynlygyny gazanmak, belent ruhly, sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň ähmiýetini düşündirmek ýaly asylly wezipelerden ybarat boldy. Maslahatda edilen çykyşlarda kämil jemgyýeti kemala getirmekde bagtyýar maşgalalaryň ornuna uly ähmiýet berilýändigi, maşgala gymmatlygyny gorap saklamak, hormatyny artdyrmak barada döwlet derejesinde uly aladalaryň edilýändigi, ýaş maşgalalaryň goldanylýandygy barada buýsançly gürrüňler edildi. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasynyň netijesinde, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, onuň kanunçylyk binýadyny döwrebap derejede kämilleşdirmek bilen bagly alnyp barylýan işler dogrusynda aýdyldy. Ýaş gyzlara, ýaş maşgalalara görelde alarlyk derejede guralýan wagyz-nesihat çärelerini yzygider geçirmegiň ähmiýeti b

Asylly terbiýe — ýagty geljegiň nury

Çaga — ynsanyň geljegine umyt döredýän, her bir öýe nur paýlaýan dowamaty, arzuw-umytlarynyň gözbaşy, durmuşynyň bezegi. Ol milletiň we döwletiň buýsanjy, daýanjy hem-de geljegidir. Çagalara edep öwretmek, belli bir hünäre höwes, söýgi döretmek diňe bir ene-atanyň ýa-da mugallymyň däl-de, eýsem, ählihalk işidir. Her bir adamyň nesilleriň öňündäki parzydyr, borjudyr. Çagany terbiýelemekde onuň haýsydyr bir käre bolan ukybyny kesgitlemek terbiýeçilikde ilkinji wezipedir. Eger şony kesgitlemegi başarsaň, terbiýeçilik işi ep-esli ýeňilleşýär we kämilligiň mekdebine öwrülýär. Edep her bir halkyň milli ruhuna mahsus bolup, asyrlaryň jümmüşinde dürli ýagdaýlarda dörän, birsyhly timarlanyp, halkyň paýhas eleginde saýhallanyp, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlykdyr. Ol ahlak-etiki düzgünleriň ölçegleriniň toplumydyr. Şeýle hem halkyň terbiýeçilik mekdebi bilen berk baglanyşyklydyr. Edep her bir halkyň milli terbiýeçilik mekdebiniň bir ýere jemlenmesidir, has dogrusy terbiýeçilik işiniň binýadydyr. Çaga ilki maşgalada soň çagalar bagynda, mekdepde terbiýelenip, edep, durmuş medeniýetini öwrenýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde edep terbiýäniň miwesidir. Çünki çagalar başlangyç alan terbiýelerini özleşdirip, edepli, gaýratly Watan perzentleri bolýarlar. Ga

Maşgala bagtyýarlygy – jemgyýetiň ygtybarlygy

Maşgala jemgyýetiň iň gadymy institutlarynyň biri bolup, adamyň jemgyýetçilik durmuşynda iňňän wajyp orny eýeleýär. Hatda jemgyýetiň döremeginde-de köp derejede maşgalanyň emele gelmeginiň netijesi hasaplanýar. Jemgyýet maşgaladan başlanýar. Maşgala jemgyýetiň ilkinji we esasy öýjügi bolup durýar. Jemgyýetiň ahlak, ruhy we edep kämilliginiň çeşmesi bolup çykyş edýär. Jemgyýetiň sagdynlygy we arassalygy maşgalanyň sagdynlygyna we arassalygyna baglydyr. Jemgyýetiň abadanlygy we durnuklylygy köp babatda maşgalanyňka bagly bolýar. Maşgala jemgyýet üçin wajyp bolan birnäçe wezipeleri ýerine ýetirýär. Ilkinji nobatda, maşgala çaga dogluşynyň netijesinde täze nesliň döremegini we ilatyň san taýdan artmagyny üpjün edýär. Maşgalanyň ýene-de bir esasy wezipesi çagalaryň terbiýesi bilen baglydyr. Ýagny her bir täze dünýä inen çaganyň jemgyýete aralaşmagy bilen bagly terbiýe, ilkinji nobatda, maşgalada başlanýar. Maşgala terbiýesinde ata-eneleriň şahsy göreldesiniň ähmiýeti uludyr. Adamyň ahlaklylygy, özüni alyp barşynyň ugurlary we kadalary hut maşgalada kemala gelýär. Şonuň üçin maşgala çagalaryň terbiýesi üçin jemgyýetiň we döwletiň öňünde jogapkärdir. Türkmenlerde maşgala gatnaşyklarynyň berk bolmagyna aýratyn üns berlipdir. Maşgala muka

Asylly terbiýe — iň gymmatly hazyna

Häzirki ylmy-tehniki mümkinçilikleriň ösýän eýýamynda öz ähmiýetini ýitirmän saklaýan zerur düşünjeleriň biri çaga terbiýesidir. Çagalar — biziň geljegimiz. Biz özümizi boýy ýeten daragt hökmünde göz öňüne getirsek, ýaş nesiller şol daragtyň miweleri bolup durýar. Onuň ajylygy ýa-da süýjüligi bolsa biziň olara berýän terbiýämize baglydyr. Hormatly Prezidentimiz çagalaryň, ýaşlaryň aň-üşükli, zehinli we ukyply bolmaklary, zähmete yhlasly çemeleşmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döretdi. Şeýle mümkinçilikleriň bar ýerinde biz döwletimiz üçin ummasyz işleri bitirmäge borçludyrys. Her bir terbiýeçi-mugallym öz işini ata-babalardan miras galan ýol-ýörelgelere daýanyp, ygtybarly kitaplara esaslanyp alyp baranda, iş örän netijeli bolýar. Eždat-pederlerimiz perzent terbiýesine juda uly ähmiýet beripdirler. Nesilleri ýagty ertirleri hasaplapdyrlar. Geljegiň gözelligi we bagtyýarlygy perzentlere berlen edep-terbiýä bagly diýip düşünipdirler. Çaga terbiýesi we onuň inçelikleri, aýratynlyklary hakynda köp sanly eserleri, ylmy-çeper ýazgylary miras galdyrypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň ömre ýeterlik many-maslahatlary, pent-nesihatlary özünde jemleýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby terbiýäniň aýratynlyklary, ähmiýeti hem-de milli usullary haky

Bag­tyň se­re­si

Adam ― jem­gy­ýe­tiň esa­sy baý­ly­gy. Maş­ga­la bol­sa adam­la­ryň jem­gy­ýet­de eme­le ge­tir­ýän il­kin­ji to­pa­ry. Şo­nuň üçin her bir ada­myň sag­ly­gy­ny go­ra­mak tu­tuş maş­ga­la­nyň, maş­ga­la­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bol­sa jem­gy­ýe­tiň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­dyr. Hal­ka­ra maş­ga­la gü­nü­ne ba­gyş­la­nan ma­ka­la­my­zy luk­man maş­ga­la­syn­dan taý­ýar­la­mak üçin we­la­ýat sag­ly­gy go­ra­ýyş mü­dir­li­gi­ne ýüz tu­ta­ny­myz­da, bi­ze Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Le­bap sag­ly­gy go­ra­ýyş we anyk­la­ýyş mer­ke­zi­niň göz luk­ma­ny Di­la­ram Nar­mäm­me­do­wa­ny sal­gy ber­di­ler. Tej­ri­be­li luk­man bi­len göz sag­ly­gy bi­len bag­ly ozal hem söh­bet­deş bo­lup­dyk. Bu ge­zek onuň maş­ga­la­sy ba­ra­da ýaz­mak has gy­zyk­ly bol­dy.

Maşgalanyň göwün hoşy