Ejeme meňzeş ene

25 Maý 2021
2383

Ejem baradaky ýakymly duýgulara berlip oturyşyma, nädip galam-depderimi elime alanymy duýman galypdyryn. Gözümiň alnynda ejemiň nurana keşbi janlandy. Ejeli günlerimiň ýakymly ýatlamalary hakydama doldy.

Ejem teleýaýlymda berilýän tanymal sungat ussatlary baradaky gepleşikleri hezil edip diňlärdi. Aýdym-sazyň jadylaýjy gudratynyň täsiri diýseň güýçli bolýar. Haçan-da, ejem Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, doganlar Berdiýewalar, Oguljan Makyýewa we beýleki aýdymçylary diňläninde, şolar bilen deň hiňlenerdi. Ejem tara dokardy. Asyl ejem gyz wagtlaram haly dokar ekeni. Käte goňşy gelnejeleriň dokap oturan halysyna-da kömekleşerdi.

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar