Häzirki ylmy-tehniki mümkinçilikleriň ösýän eýýamynda öz ähmiýetini ýitirmän saklaýan zerur düşünjeleriň biri çaga terbiýesidir. Çagalar — biziň geljegimiz. Biz özümizi boýy ýeten daragt hökmünde göz öňüne getirsek, ýaş nesiller şol daragtyň miweleri bolup durýar. Onuň ajylygy ýa-da süýjüligi bolsa biziň olara berýän terbiýämize baglydyr. Hormatly Prezidentimiz çagalaryň, ýaşlaryň aň-üşükli, zehinli we ukyply bolmaklary, zähmete yhlasly çemeleşmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döretdi. Şeýle mümkinçilikleriň bar ýerinde biz döwletimiz üçin ummasyz işleri bitirmäge borçludyrys.
Her bir terbiýeçi-mugallym öz işini ata-babalardan miras galan ýol-ýörelgelere daýanyp, ygtybarly kitaplara esaslanyp alyp baranda, iş örän netijeli bolýar. Eždat-pederlerimiz perzent terbiýesine juda uly ähmiýet beripdirler. Nesilleri ýagty ertirleri hasaplapdyrlar. Geljegiň gözelligi we bagtyýarlygy perzentlere berlen edep-terbiýä bagly diýip düşünipdirler. Çaga terbiýesi we onuň inçelikleri, aýratynlyklary hakynda köp sanly eserleri, ylmy-çeper ýazgylary miras galdyrypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň ömre ýeterlik many-maslahatlary, pent-nesihatlary özünde jemleýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby terbiýäniň aýratynlyklary, ähmiýeti hem-de milli usullary hakynda tapylgysyz hazynadyr. Bu kitap her bir terbiýeçiniň iň ygtybarly gollanmasy bolup durýar. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eserinde ene-atanyň perzendiň öňündäki kyrk borjy beýan edilýär. Şolaryň ilkinjileriniň we iň wajyplarynyň biri hem çaga ýagşy edep-terbiýe bermekdir.