Adam ― jemgyýetiň esasy baýlygy. Maşgala bolsa adamlaryň jemgyýetde emele getirýän ilkinji topary. Şonuň üçin her bir adamyň saglygyny goramak tutuş maşgalanyň, maşgalalaryň saglygyny goramak bolsa jemgyýetiň saglygyny goramakdyr.
Halkara maşgala gününe bagyşlanan makalamyzy lukman maşgalasyndan taýýarlamak üçin welaýat saglygy goraýyş müdirligine ýüz tutanymyzda, bize Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Lebap saglygy goraýyş we anyklaýyş merkeziniň göz lukmany Dilaram Narmämmedowany salgy berdiler. Tejribeli lukman bilen göz saglygy bilen bagly ozal hem söhbetdeş bolupdyk. Bu gezek onuň maşgalasy barada ýazmak has gyzykly boldy.