Türkmen halky her bir döwürde ata-babalardan gelýän edep-terbiýe baradaky ýörelgelerine eýerip, maşgalada gyzyň asylly, mähirli, arassaçyl, şirin sözli bolup ýetişmegi ugrunda alada edipdir. Gyz çaga ähli edim-gylymlar ýaşlykdan öwredilip başlanýar. Çünki, gyz maşgala geljekki ene, onuň özi hem çagany dünýä inderip, terbiýeläp, durmuş ýoluna salmaly. Kişi maşgalasy hasaplanylýan gyz çagany türkmen aýap, belli bir ýaşyna ýetende hak öýüne göçürýär. Şol aralykda bolsa gyza ata-ene edebiň arassaçylyk, edenlilik, zähmetsöýerlik, başarnykly ýaly ähli miwesinden dadyrmaly. Şeýle gözelleriň ýary bolmak bolsa her bir türkmen ýigidiniň arzuwy. “Halk — hazyna” diýleni. Tüweleme, il arasynda gürrüň kän. Şu rowaýaty eşidenimde, halkymyzyň pähim-paýhas ummanynyň soňsuzdygyna göz ýetirdim.
Gadym döwürlerde bir maşgalanyň bir ogly bolupdyr. Aý aýlanyp, gün geçip, bu ýigit ýetişipdir. Akylly-başly ogluna ata-ene edeplilik, zähmetsöýerlik, arassaçylyk ýaly häsiýetleri bolan mynasyp gyz gözläp başlapdyr. Emma olar gyzlaryň haýsynyň gowudygyny bilmän kösenipdirler. Bir gün şeýle netijä gelipdirler. Olaryň garaly bagy bar eken. Oglanyň ene-atasy garalylaryny ýygnap, araba ýükläp, oba tarap ýola düşýärler hem-de şeýle äheňde jar çekýärler. «Eger-de kim öýünden köp hapa çykarsa, hapanyň agramyna görä garaly beriljekdir-le ho-ow!” Muny eşiden obanyň ähli gyzlary geň galyp, syrym-süpüre başlapdyr. Biraz wagtdan kimsi haltaly, kimsi bedreli hapa baryny çykaryp, hapanyň agramyna görä garaly alyp, monça bolup öýlerine dolanypdyrlar. Bu gyzlara seredip duran ata-ene başyny ýaýkapdyr. Ata-ene: «Be-e, bulardan başga obada gyz galmadymyka? Şeýdip, indi oglumyza gelinlik tapman oturybermeli bolarmyka?” diýip pikirlenip durkalar, aňyrdan çekinjeňlik bilen ýöräp gelýän gyza gözleri düşýär. Gyzyň elinde bolsa elýaglyga düwülen bir gysymjyk hapa bar. Ol: «Dogry söz daş diler” diýlişi ýaly dogrusyny sözläp: «Men-ä näçe jan etsemem öýden şundan artyk hapa tapmadym. Şuňa görä garaly beräýiň” diýipdir. Ata-ene begenjine iki bolup bilmändirler. Olar ogluna mynasyp gyzy tapandyklaryny bilip tizden-tiz şol gyzyň ugruna çykypdyrlar.