Döwletliligiň müdimi binýady

5 Maý 2021
2054

Hormatly Prezidentimiz Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde: «Halk Maslahatynyň agzalary halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny, meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmalydyr» diýmek bilen, öňde möhüm wezipeleri goýdy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary hem-de Zenanlar birleşigi bu wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle-de maşgala gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlary hem-de ata-babalarymyzyň Watana, maşgala ojagyna wepalylyk, tutanýerli zähmete ygrarlylyk ýaly belent ýörelgelerini wagyz etmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýarlar. Milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, ilat arasynda, esasan hem, ýaşlaryň arasynda döwletimiziň her bir adamyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, milli kanunçylygy wagyz etmäge ýakyndan gatnaşýarlar.

Zeminiň ähli ýerinde gülleriň açylyp, guşlaryň erkana saýramagy, çagalaryň dilinden şirin aýdymlaryň ýaňlanmagy üçin adamyň adama hormat goýmagy gerek. Halkymyzda her bir ynsanyň adamkärçiligi öwrenmeginiň, sylaşygy, hormat goýmagy we özara gadyrlylygy nusga edinmeginiň binýady maşgalada diýlip hasap edilýär. Çünki hiç bir adamyň diňe özi hakynda alada edip, bagtly bolup bilmejekdigi aýandyr. Özgeler babatda hem adalatly bolmagyň zerurlygy adam hakyndaky aladada jemlenýär.

Gurbangül ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty.