Ene mähri — çäksiz umman
Enä hormat goýmak halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdan iň gymmatly däpleriniň, ýörelgeleriniň biridir. Ene hakynda ýazmadyk şahyr, aýtmadyk akyldar ýok. Çünki eneler dünýäniň dowamatyny, dowamyny döredýän, ony äleme getirýän güýçdür. Ene dünýädäki iň mähriban ýüzdür, iň süýji sözdür, iň mylaýym eldir. Bu barada hormatly Prezidentimiziň: «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda iňňän jaýdar pikirler ýöredilýär. Kitapdaky: «Kiçilikde ynsan üçin ene hüwdüsinden ýakymly owaz, söz hem-de saz ýokdur. Kemala gelen perzent üçin bolsa, enäniň ak patasy onuň ýüregine düwen ýagşy niýetini amala aşyrmagynyň şertliligidir» diýen setirler kalbyňy täsin duýgulardan pürepürleýär. Enäniň kalbyndan çykýan ýakymly owaza ýugrulan hem-de ýagşy dileglerden düzülen hüwdüleri çaga terbiýe bermekde ädilýän ilkinji ädimlerdir. Şol ýakymly owazlarda enäniň arzuw-umytlary, maksat-myratlary ýaňlanýar. Çaga ene hüwdüsi bilen ösýär, ulalýar. Her bir ata-ene öz perzentleriniň ylymly, bilimli edepli-ekramly, arly-namysly, zähmetsöýer adam bolup ýetişmegini arzuw edýär. Türkmenlerde: «Ýagşy ene ýagşy gyza görelde, oň edebi nesillere ýörelge», «Gyz eneden görüm görmese, öwüt almaz, ýigit atadan görüm görmese, saçak ýazmaz», «Gyz edebi — il