Nesil terbiýesinde maşgalanyň orny

30 Iýun 2021
2506

Her jemgyýetiň ahlak ýörelgesi raýatlaryň edep-ekramlylygy, watansöýüjiligi, ata-enäniň, çagalarynyň, il-günüň öňündäki borjy bilen kesgitlenýär. Terbiýäniň düýp binýady, ilkinji nobatda, maşgalada goýulýar. Maşgala — bu kiçijik döwlet. Türkmen maşgalasy agzybirligiň ojagy, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Maşgala agzalary näçe agzybir, maşgalabaşynyň sözi ýerinde ýöreýän bolsa, şol öýe döwletem, mertebe-de ýaraşýar. Türkmençilikde «Bina bolmasa, binýat bolmaýar» diýlişi ýaly, maşgalanyň binýadyny gurýan ata-enelerdir. Ata-enäniň yhlasy, söýgüsi bilen bina bolan maşgala berk, abat bolýar.

Türkmeniň islendik maşgalasynda atanyň orny gaýduwsyzlygyň, edermenligiň, merdanalygyň, enäniň orny mukaddesligiň, mähribanlygyň nusgasy bolup çykyş edýär. Maşgalada aga ata çekse, uýa enä meňzese, şol öýe gelen gelnem öýüň ody bilen girip, küli bilen çyksa, bagtam şol öýe hemişe gülüp bakýar. Agzybirlik, oňşuklylyk diýlen düşünjelerem ulularyň sözi ýöreýän ýerde bolýar. «Ulynyň aýdanyny etmedik uwlar» diýilmegem, ulularyň sözüniň ýöremeýän ýerinde, diýeni edilmeýän öýünde agzalalygyň, dawa-jenjeliň, oňşuksyzlygyň bolýandygyny aňladýar. Maşgala agzalarynyň hersi öz ornunda durup, birek-birege düşünişseler, ol ojak agzybir, bagtly öý hasaplanylýar. Bir dana «Nähili maşgalany bagtly maşgala hasaplaýarsyňyz?» diýip sorag berenlerinde, ol: «Birek-birege düşünişýän maşgala bagtlydyr» diýip jogap beripdir. Biziň halkymyzyň milli medeniýetinde aýal-gyzlary sylamak, olara hormat goýmak ata-babadan gelýän däp-dessurdyr. Hatda söýgi baradaky dessanlar atlandyrylanda hem gyzlaryň atlaryny hormat bilen ilkinji tutupdyrlar, olardan «Leýli-Mejnun», «Şasenem-Garyp», «Saýatly-Hemra», «Asly-Kerem», «Hüýrlukga-Hemra», «Gül-Bilbil» ýaly dessanlary agzap geçmek ýerliklidir.

Leýli TÄJIBAÝEWA,
Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy.