Halkymyzyň asylly ýörelgesi

1 Iýul 2021
1645

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň biri il-gün bolup ýygnanyşmakdyr. Birek-biregiň didaryny görüp, hal-ahwal soraşmakdyr. Şeýle däp-dessurlara halk döredijiligi eserlerinde ýygy-ýygydan gabat gelýäris. Il-gün bolup ýygnanyşmak dessury soňlugy bilen maşgala myhmansöýerligi ýaly ajaýyp däpleriň halkymyzyň durmuşyna ornaşmagyna itergi beripdir.

Halkymyzyň myhmansöýerlik däp-dessurlarynyň aňyrsynda birwagtky köpçülik bolup ýygnanyşmak dessurynyň bardygyny nygtasymyz gelýär. Birek-birekden habar almak, halyny bilmek, ýagdaýlaryny soramak, özgäniň ykbaly bilen gyzyklanmak ýaly asylly häsiýetler adamda duýgudaşlygy terbiýeleýär. Onuň diňe özüni bilýän adam däl-de, özgeleri hem pikir edýän ynsan bolmagyna getirýär. Ynsan bolsa hemişe ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan gatnaşyklaryň, pikirleriň gözleginde gezmelidir.

Bägül ATAÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar