Tang­ram – peý­da­ly oýun

15 Iýul 2021
2253

To­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi ça­ga­la­ryň be­den taý­dan tap­lan­ma­gy üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri hö­dür­le­ýär. Bu dö­wür­de açyk ho­wa­da has köp wagt ge­çi­ril­ýär, oý­nal­ýar, we­lo­si­ped sü­rül­ýär, sport bi­len meş­gul­la­nyl­ýar. Oýun­lar ça­ga­la­ryň ze­hin we be­den taý­dan ös­mek­le­ri­ne ýar­dam ed­ýär. Şeý­le oýun­jak­la­ryň bi­ri hem tang­ram ha­sap­lan­ýar. Ir­ki dö­wür­ler­de peý­da bo­lan bu oý­na­waç 7 sa­ny tag­ta bö­le­ji­gin­den yba­rat. Dür­li ulu­lyk­da­ky tag­ta bö­le­jik­le­ri bi­len öz ukyp-ba­şar­ny­gy­ňa, hy­ýa­ly güý­jü­ňe gö­rä ýüz­ler­çe şe­ki­li ýa­sap bol­ýar. Bir­leş­di­ri­len­de dört­burç­luk şe­kil­li bol­ýan tag­ta bö­lek­le­ri dür­li şe­kil­li bö­le­jik­ler­den yba­rat­dyr. Bu oýun geo­met­ri­ýa­ny has aň­sat öw­ren­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Öň­ki dö­wür­de agaç­dan ýa­sa­lan bu oý­na­waç hä­zir­ki wagt­da plast­mas­sa­dan ýa-da ka­gyz­dan hem ön­dü­ril­ýär. Ýe­ke özüň oý­nap bol­şy ýa­ly, deň-duş­la­ryň, maş­ga­la ag­za­la­ryň bi­len hem oý­nap bol­ýan aý­ra­tyn ukyp ta­lap et­me­ýän tang­ram wag­ty­ňy­zy peý­da­ly ge­çir­mä­ge, dö­re­di­ji­lik uky­by­ňy­zy art­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Oýun­jak dü­kan­la­ryn­da sa­tyl­ýan tang­ra­my özü­ňiz hem ýa­sap bi­ler­si­ňiz. Mu­nuň üçin kar­ton ka­gy­zy, çyz­gyç, gaý­çy, ruç­ka, reňk­li ga­lam­lar ge­rek.