Çaga terbiýesinde maşgalanyň orny

5 Iýul 2021
2259

Hormatly Prezidentimiz geljegimiz bolan ýaşlaryň maşgala terbiýesine uly üns berýär. Sebäbi çaga ilkinji terbiýäni maşgaladan alýar. Maşgala iki ýaş juwanyň biri-birine bolan mähirli gatnaşygyndan, söýgüsinden we olaryň kanuny nikalaşmagyndan emele gelýär. Maşgalanyň arzuwy, göz-guwanjy bolan çaga dünýä inenden soň ata-enäniň bar aladasy çagany terbiýelemek, ony sagdyn ösdürmek bolup durýar.

Maşgala terbiýesinde ata-enelere uly orun degişlidir. Çagalaryň nähili terbiýe aljakdygy, ilkinji nobatda, ata-enäniň şahsy göreldesine baglydyr. Ata-eneleriň özlerini alyp baryşlaryndaky iň ownujak hasaplanylýan zatlar hem terbiýelenilýän çagalarda belli bir häsiýetleri döredip biler. Sebäbi çaga ene-atasyna, özünden ululara meňzejek bolup çalyşýar.

Maýlybaý KULYÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.