Perzent edebi

12 Iýul 2021
2078

Nesil terbiýesi baradaky alada hormatly Prezidentimiziň esasy üns-aladalarynyň biri bolup durýar. Ata Watanymyzda perzent edebine uly üns berilýär. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, Watana, halkymyza wepaly bolup ýetişmeklerini gazanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Çaga — eziz, edebi ondanam eziz» diýip, ata-babalarymyz örän jaýdar belläpdirler. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda milletimiz çaga edebinde ruhy hem-de beden taýdan sagdynlyk, päk ahlaklylyk ýörelgelerine daýanýar we şol ýoluň inçe syrlaryny gitdigiçe kämilleşdirýär.

Çaga her bir maşgalanyň guwanjy, ýurduň genji-hazynasy. Türkmen maşgalasynda çaganyň orny, halkymyzyň çaga terbiýesine garaýşy barada gürrüň edilende, halk arasynda giňden ulanylýan «Çaga — durmuşyň güli» diýlen pähimli sözler seriňe gelýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halk köpçüligine gowşan nakyllardyr atalar sözlerini özünde jemleýän «Paýhas çeşmesi» atly gymmatly kitap perzent edebinde uly gollanma boldy. Bu kitaby okap, akyl-paýhasyň, ýiti aňyň, ýatkeşligiň, suhangöýlügiň eýesi bolan parasatly pederlerimiziň paýhasly sözleriniň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş tejribelerini, dünýägaraýşyny özünde jemleýändigine göz ýetirýäris.

Laçyn NURMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň ýolbaşçysy.