HABARLAR

Ýaş maşgalalara döwlet goldawy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Döwlet Maslahatynda il-ýurt bähbitli meselelere garalyp, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen döwletli kararlar kabul edildi. Halkymyzda uly buýsanç we hoşallyk duýgularyny döreden şeýle kararlaryň biri-de, «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabryndaky Kararynyň birinji bölegine laýyklykda, resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýän karzyň möçberini 20 müň manada çenli ýokarlandyrmak baradaky Karardyr. Arkadagly Serdarymyz Döwlet Maslahatyndaky çuň manyly çykyşynda: «Biz Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşini kabul etdik. Bu Kanun ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň huk

Täsin sowgat

Bir adam üç ýaşly gyzyna sowgatlaryň daşyny gaplamak üçin ulanylýan gymmat bahaly kagyzy zaýalandygy üçin käýedi. Çünki ol tutuş bir gap altynsow kagyzy bir gutynyň daşyna egrem-bugram edip sarap gutarypdy. Baýramçylyk güni ir bilen şadyýan gyzjagaz gutyny getirip:

Maşgala mäkämligi — mähriň hazynasy

Maşgalanyň agzybirligi tükeniksiz hazyna. Hut şonuň üçinem dana halkymyz saglykdan soň agzybirlik dileýär. Sebäbi agzybir, mäkäm maşgalanyň agzalary sagdyn, ruhubelent, başyna baran işlerem ugruna bolýar. Ýöne şeýle agzybirligi saklap, maşgala mukaddesligini aýawly goramak ýeňilem däl. Bu ýeňil bolmadyk meseläniň bähbitli çözgüdi är-aýalyň birek-birege geçirimlilikde jemlenýän ysnyşykly gatnaşygyndadyr. Ýene bir hakykaty boýun alalyň. Hiç birimiziňem akja kepderi däldigimiz-ä şübhesizdir. Durmuşyň käbir çylşyrymly öwrümleriniň hüý-häsiýetimiziň pes taraplarynyň ýüze çykmagyna getirýän halatlaram bolýar. Şeýle ýagdaýlarda özara geçirimli bolmak iki tarap üçinem mertlikden nyşan. Maşgalanyň mäkämliginiň bähbidine biz juda mert bolmaly. Birek-biregiň günäsini geçmek beýik bolmakdyr. Bu aýdylýanlar ýaş maşgalalara degişli. Elbetde, onlarça ýyl bile ýaşan är-aýal birek-biregiň häsiýetine juda belet bolansoňlar olarda agzalalyk kän bir ýüze çykybam baranok. Maşgalanyň agzybirliginde äriň öz ornunda, aýalyň öz ornunda özlerini alyp barmaklarynyň täsiri uly bolmaly. Meniň pikirimçe, durmuşda, maşgalada asylly ýörelgä laýyk özüňi alyp barmagam maşgalanyň agzybirliginiň bähbidinemikä diýýän. Sebäbi özüňi alyp barşyňda ýanýoldaşyňa mähri

Däbim-dessurym

Ýaglykdaňdy Enemiň ir ertirden ýola şaýlanýanyny aňsam “guýruktutdy” oýnap toýa-dabara bile giderdim. Enemiň arkasyndan täze gelniň kürtesinden tutup ýöresem dagy, depäm, gök dirärdi. Ýöne bir sapar “Ýaglykdaňda” gidişimiz welin, ýadymda hemişelik galypdyr...

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Häzirki döwürde şöhratly taryhymyzy ylmy esasda öwrenmäge, wagyz etmäge uly üns berilýär. Türkmen halky gadymy taryhy ösüş döwürlerinden bäri ruhy-medeni gymmatlyklaryna, şeýle hem gaýtalanmajak milli medeniýetine örän uly ähmiýet berip gelen halklaryň biri hasaplanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni-ruhy baýlyklarymyza, medeni mirasymyza bolan gyzyklanma has-da artdy. Milli ýörelgelerimiziň özeninde ene dilimiz, edebiýatymyz, nesil terbiýesine bolan garaýyşlarymyz bardyr. Şeýle asylly ýörelgelerimizi, milli gymmatlyklarymyzy ýaş nesillere öwretmek we olarda watansöýüjilik, il-güne belent sarpa ýaly häsiýetleri terbiýelemek esasy ugurlaryň biridir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eziz halkymyz ata-babalarymyzdan miras galan taryhy we medeni-ruhy baýlyklara, gadymy sözlere, manyly aýtgylara, edebi gymmatlyklara aýawly çemeleşýär. Munuň özi türkmen halkynyň taryhynyň, diliniň, edebiýatynyň, sungatynyň, medeni-ruhy mirasynyň egsilmez hazynadygyny aňladýar. Halk mirasy bilen baglanyşykly gadymy sözler, şol sanda atalar sözi, nakyllar, dürli aňlatmalar, täsirli aýtgylar halkymyzyň köpasyrlyk maddy, medeni we ruhy baýlyklaryny öwrenmekde, şeýle hem ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde we olarda watansöýüjilik ruhuny döretmekde egsilmez ylm

Bezeg saýawanlary

Gerekli esbaplar: • Ikitaraplaýyn reňkli kagyzlar;

Towukly we ýeralmaly işdäaçar

Gerekli önümler: • 280 gram towuk eti;

Päk zäh­me­tiň sar­pa­sy

Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň «Çek­seň zäh­met — ýa­gar reh­net» di­ýip, aý­dyp ge­çi­şi ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştutanly­gyn­da ýur­du­myz­da Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şan­dy­ny go­şýan, gö­rel­de­li zäh­met çek­ýän ra­ýat­la­ry­my­za aý­ra­tyn sar­pa go­ýul­ýar. Bir­nä­çe ýyl­la­ryň do­wa­myn­da päk zäh­me­ti, ukyp-ba­şar­ny­gy bi­len ta­pa­wut­la­nan il­deş­le­ri­mi­z hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Şa ser­pa­ýyna mynasyp bolup, olara hor­mat­ly at­lar da­kyl­ýar.  Eziz Wa­ta­ny­my­zyň Ga­ra­şsyz­ly­gy­nyň 31 ýyl­ly­gy­nyň da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de ýur­du­my­zyň dür­li ul­gam­la­ryn­da gö­rel­de­li zäh­met çek­ýän ra­ýat­la­ry­myz bi­len bir ha­tar­da, Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň «Türk­men­de­ňiz­der­ýa­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky Türk­me­nis­tan­da gä­mi gat­na­wy­na döw­let gö­zeg­çi­lik ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy­nyň De­ňiz port ka­pi­ta­ny gul­lu­gy­nyň port gö­zeg­çi­li­gi­niň ins­pek­to­ry An­na­mäm­met Na­za­ro­wa hem Tü

Maşgala mizemezligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maşgala gymmatlyklaryna, maşgalanyň jemgyýetdäki ornuna aýratyn uly ähmiýet berilýär. Ýaşulularyň, ene-mamalarymyzyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Nika gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň hukuk toplumy birnäçe esas goýujy resminamalardan durýar. Bilşimiz ýaly, döwletiň wajyp wezipesi eneligi, çagalygy, atalygy goramak, şeýle-de maşgala kömek bermek we goldamak bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 54-nji maddasynda ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw hem ýeňillikler berilýändigi, 140-njy maddasynda kanunlaryň, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň gaýry hukuk namalarynyň Konstitusiýanyň esasynda we şoňa laýyklykda kabul edilýändigi göz öňünde tutulan.

Ýaş maşgalalara döwlet goldawy

23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Döwlet Maslahatynda, şeýle-de şol günki Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kabul edilen çözgütler ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň, alnyp barylýan giň gerimli işleriň, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysallaryna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda öňe sürlen tekliplerden ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, şeýle hem şol gurultaýda tassyklanan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» rejelenen görnüşdäki Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda çykaran Kararynyň birinji bölegine laýyklykda, resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda, ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýän karzyň möçberini 20 müň manada çenli ýokarlandyrmak bellenildi.