«Eneler ýanymyzdaka ählimiziňem ýüregimiz suwludyr. Bu seniň eýýäm uly adamdygyňa, jemgyýetdäki ornuňa bagly zat däl. Çaganyň hem uly adamyň hem aşa gorkan wagty ýa-da bir howp-hatara uçranda özi duýmazdan, ejesini kömege çagyrmagynyň syry barada oýlanyp gördüňizmi?! Ene barada ýazylan goşgy okalanda-da ähli diňleýjiler üýtgeşik duýga berilýärler. Sebäbi islendik ýaşdaky ähli ynsany ganatlandyrýan güýç ene söýgüsinde jemlenendir».
«Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabyndan.