Ýaş maşgalalara döwlet goldawy

20 Oktýabr 2022
1216

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Döwlet Maslahatynda il-ýurt bähbitli meselelere garalyp, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen döwletli kararlar kabul edildi. Halkymyzda uly buýsanç we hoşallyk duýgularyny döreden şeýle kararlaryň biri-de, «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabryndaky Kararynyň birinji bölegine laýyklykda, resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýän karzyň möçberini 20 müň manada çenli ýokarlandyrmak baradaky Karardyr.

Arkadagly Serdarymyz Döwlet Maslahatyndaky çuň manyly çykyşynda: «Biz Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşini kabul etdik. Bu Kanun ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrýar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berýär» diýip belledi.

Merdan BEGLIÝEW,
Ak bugdaý etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.