Bir asyryň şaýady

28 Sentýabr 2022
1599

Ene. Bu sözde jady bar, gudrat bar. Ene diýlen mukaddeslik Zemine deňelýän bakylygyň hut özüdir. Bu mukaddeslik ynsana berlen gudratly peşgeşdir.

Enäniň aladasyna tükenme ýok. Perzendini ile-güne goşýança, enäniň çekýän azaplarynyň haýsy birini agzajagyňy bileňok. Iň bärkisi enäniň ukusyz geçiren ýekeje gijesini göz öňüne getirip görüň! Balasynyň kesp-kärli, il derdine ýaraýan, watanperwer bolup ýetişmegini arzuwlaýan ene çagasy ulalyp, kemala gelenden soň hem ýene şonuň üstünde kökenekdir. Eneler balasy üçin çeken azaplarynyň, gören görgüleriniň hiç biriniň, hiç mahal gaýtargysyny soraýan däldir. Ine, şonuň üçin hem eneler bu Zeminiň mukaddes barlygydyr. Jennet hem eneleriň aýagynyň aşagyndadyr.

Almagül AÇYLOWA,
Saýat etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramasynyň agzasy.