Päk zäh­me­tiň sar­pa­sy

15 Oktýabr 2022
1284

Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň «Çek­seň zäh­met — ýa­gar reh­net» di­ýip, aý­dyp ge­çi­şi ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştutanly­gyn­da ýur­du­myz­da Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şan­dy­ny go­şýan, gö­rel­de­li zäh­met çek­ýän ra­ýat­la­ry­my­za aý­ra­tyn sar­pa go­ýul­ýar. Bir­nä­çe ýyl­la­ryň do­wa­myn­da päk zäh­me­ti, ukyp-ba­şar­ny­gy bi­len ta­pa­wut­la­nan il­deş­le­ri­mi­z hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Şa ser­pa­ýyna mynasyp bolup, olara hor­mat­ly at­lar da­kyl­ýar. 

Eziz Wa­ta­ny­my­zyň Ga­ra­şsyz­ly­gy­nyň 31 ýyl­ly­gy­nyň da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de ýur­du­my­zyň dür­li ul­gam­la­ryn­da gö­rel­de­li zäh­met çek­ýän ra­ýat­la­ry­myz bi­len bir ha­tar­da, Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň «Türk­men­de­ňiz­der­ýa­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky Türk­me­nis­tan­da gä­mi gat­na­wy­na döw­let gö­zeg­çi­lik ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy­nyň De­ňiz port ka­pi­ta­ny gul­lu­gy­nyň port gö­zeg­çi­li­gi­niň ins­pek­to­ry An­na­mäm­met Na­za­ro­wa hem Türk­me­nis­ta­nyň «Gaý­rat» me­da­ly­na my­na­syp bol­mak bag­ty mi­ýes­ser et­di.