Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş kadalaryna eýerýän ýaşlarymyzyň bolmagy diýseň guwandyryjydyr. Elbetde, asylly ýörelgelerimizi kämilleşdirmek we kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek diňe bir maksadymyz bolman, eýsem, her bir ene-atanyň arzuwy bolsa gerek.
Türkmen halkynyň durmuş ýörelgeleri we kadalary mukaddesdir. Şol ýörelgeler biziň durmuşymyza häli-häzirlerem ýaran bolup, dowam edip gidip otyr.