HABARLAR

«Towşanjyk» işdäaçary

Gerekli önümler: • 680 gram towuk eti;

Maşgala mukaddesligi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir maşgalanyň berk, kämil bolmagy we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda maşgalany goramak we ony goldamak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň döwrüň talabyna görä kämil we halkara hukuk kadalaryna laýyk bolmagy üçin netijeli işler amala aşyrylýar.

Ene söýgüsi

Ene söýgüsinde gudrat, dörediji güýç bar. Ene söýgüsi biserhetdir, onuň çägi ýokdur. Ene söýgüsi perzendi baradaky alada, onuň gowy adam bolup ýetişjekdigine ynam, sagdyn ösüp-ulalmagy, rahat durmuşda ýaşamagy bilen baglanyşyklydyr. Perzendi ulaldygyça, enäniň aladalary köpelýär. Şirin hüwdüler, mähir-muhabbet, ak süýdi bilen balasyny ýagty jahana höwrükdiren enäniň durmuşdaky wezipeleri, borçlary, jogapkärçiligi barha artýar. Ene çagasynyň bu barlygy söýmegine kömek edýär, özüni kämilleşdirmegi, beýlekiler bilen gatnaşyk guramagy öwredýär. Ene ogul-gyzlaryna mynasyp adamlar bolup ýetişmeklerinde ilkinji we baş mugallym hökmünde çykyş edýär, çagalaryň edepli bolup ýetişmekleri, ilki bilen, ene terbiýesine baglydyr. Ejelerimiz bizi özbaşdak durmuşa taýýarlaýar. Ejeler käte aşa talapkär, berk tutýan ýaly görünýär, emma aslynda beýle däldigine soň-soňlar göz ýetirýäris. Ene öz çagalarynyň özbaşdak durmuş gurup, öz aýaklarynyň üstünde berk durup bilmegi üçin zerur binýady döretmegiň aladasynda ýaşaýar. Enäniň söýgüsi perzende ylham berýär, durmuşy öwredýär, howplardan, kynçylyklardan halas edýär. Enäniň söýgüsi şertsizdir, sebäbi ene perzendini haýsydyr bir üstünligi, baýlygy, hereketleri ýa-da häsiýetleri üçin däl-de, ony bütin dü

Ejem bilen hyýaly söhbet

Bar wagtlaň baýdym, bagtlylara taýdym! Ýüregim kuwwatly urup, bedenim mähriňden güýç alýardy. Kalbyma bir biynjalyklyk aralaşsa hemmelerden öň duýýan hemdemim, hemram, rahatlygymdyň. Syr sandygym, hak hossarym, mähek daşymdyň. Müňlerçe adamyň öwezini dolup bilýän ýeke-täk wepadarymdyň. Men muňa Magtymguly atamyzyň: «Görer gözüň gymmaty, kör ýanynda bellidir» diýşi ýaly, guş kimin uçan günüň has hem göz ýetirdim. Şol gün durmuş bar syrynyň perdesini ýüzünden syrdy oturyberdi. Ine, şondan bärem seniň sessizje çeken ýüküň kem-kemden öz gerdenime düşdi. Ynsanyň ejesiz galan güni tiz wagtyň içinde ulalýanyny öňem eşidipdim. Bu hut şeýle-de boldy. Birden öňki şatlyklar, jak-jak urýan gülküler zym-zyýat boldy duruberdi. Ähli zada çuňluk bilen seredip başlamak endige öwrüldi. Boýy ýetip barýan çagalarym gije-girim bir iş bilen çyksalar, sebäpsiz ýere howsala düşmegi tapdym. Nämedendigini bilmesem-de, sähel zada keýpim bozulyp, ynjaýardym. Hiç kim hiç zat diýmese-de, agym tutar durardy. Käwagt dagy özümi kemşerilip duran öýkelek çaga ýaly duýýardym. Ýürek barha ýukaldy. Süýji ukular ornuny dürli ahwallara salýan ýatlamalara berdi. Seni şeýle bir küýseýärdim welin, käýarym dagy gursagyma ot guýulýan ýaly gyzyberýärdi. Howlap-howlap daşaryk çykýan w

Çagalaryň jemgyýetdäki orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülleýän we barha kuwwatlanýan eziz Diýarymyzyň buýsançly hem-de guwandyryjy ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýan ýaş nesil baradaky alada Täze ýylyň şygaryna öwrülmek bilen, hormatly Prezidentimiziň ileri tutýan wezipeleriniň biridir. 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly». Ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýarlygy kämil kanunlaryň we kanunçylyk namalaryň esasynda goralýar. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, on sekiz ýaşyna (kämillik ýaşyna) ýetmedik adam çaga hökmünde ykrar edilýär. Şu Kanunyň 4-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan her bir çaganyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, durmuş we emläk ýagdaýyna, özüniň we ata-enesiniň ýaşaýan ýerine, diline, bilimine, dini garaýşyna, dogluş ýagdaýyna, saglygyna ýa-da beýleki ýagdaýlaryna garamazdan, hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligi kepillendirilýär.

Göwnümizi galkyndyrdy

Aýgözel HOJAÝEWA,Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň ýaşaýjysy: — Ýurdumyzda her bir ýylymyz mynasyp şygarlar astynda guwandyryjy ösüş-özgertmelere, şanly wakalara beslenýär. Täze ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy göwnümizi galkyndyryp, onuň şöhratly ýyllaryň birine öwrüljekdigine ynamymyzy artdyrdy.

Begendirmegiň begenji

Bu üýtgeşik begenji men çagakam başymdan geçiripdim. Ejem pahyr ýüňden jorap, ýene şoňa meňzeş zatlary örmegi gowy görerdi. Ýüňi özi saýardy, özi darardy. Pişge ýasardy. Soň olary egrip, boýardy. Boýan ýüplerinden ýumak sarardy. Menem egrilgi ýüpi elimden geçirip, ýumak saramaga ejeme kömekleşipdim. Ejem bir ýumagy sarap boldy-da: — Körpejäm, hany, gel, seni bir gujak-gujak edeýin! — diýipdi.

Täze ýylyň bosagasynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda halkymyz 2023-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşy almaga giňden taýýarlyk görýär. Täze ýyl baýramy beýleki baýramlara taýlap bolmaýan, hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan, umyt-arzuwlaryň jadyly baýramçylygydyr. Göwün ýüwürtmek, süýjüden-süýji arzuw etmek Täze ýyla mahsus aýratynlyklaryň biridir. Täze ýyl baýramyny garşylamazdan öň edilen işlere göz aýlamak, olar dogrusynda degerli netijeler çykarmak, geljekki başlangyçlary kesgitlemek her bir adamda bolşy ýaly, döwlet derejesinde hem amala aşyrylýar. Diýarymyzyň ähli ministrlikleridir pudaklaýyn edaralarynda, döwlet, jemgyýetçilik we hususy kärhanalardyr guramalarda bu ajaýyp baýramçylyga bagyşlap, aýdym-sazly dabaraly çäreler guralýar.

Täze ýyl bu öýe başgaça gelýär

Bu öýde dört lukman we iki mugallym Täze ýyly bilelikde garşylaýar. Hawa, olaryň ählisi bir maşgalanyň agzalary. Eger ata kesbini ogullary ýöredýän bolsalar, ene kesbini maşgalanyň gyzyna öwrülen gelinleriň biri dowam edýär. 2023-nji ýylyň edil öňüsyrasynda bu maşgalanyň myhmany bolmak miýesser etdi. Eger Türkmenabatda ýaşaýan bolsaňyz, 1-nji saglyk öýüniň rentgenolog lukmany Rozymyrat Nazarowyň adyny kän eşidensiňiz. Hawa, ol şo-ol Rozymyrat lukman. Rentgenologa ýüz tutýan kän, onuň işinden hoşal bolup, adyna alkyş okaýan has kän. Ýanýoldaşy Nurjemal gelneje bilen iki ogly ösdürip, kemala getiren Rozymyrat aganyň özi bilen ogullary we uly gelni il-günüň saglygyny gorasa, Nurjemal gelnejedir kiçi gelin çagalara bilim, sowat paýlaýarlar. Garaz, bu öýde hemmeler gowulyk paýlaýar. Şonuň üçin maşgalanyň ähli agzasy il içinde arzyly.

Toý saçagy

(Publisistik oýlanmalar) Pah, toý saçagynam türkmene ýazdyraýsaň! Hany-manyny orta döker. Bu däp özem dädem Gorkutdan, beg Göroglynyň döwründen gaýdýandyr. Jomartlykdan döwlet tapan, şu günküsini tapsa ertirkisini gaýgy-endişe etmeýän Görogly begi diňläp gör: