Durmuşyňyz süýji bolsun!

23 Dekabr 2022
2232

Täze ýylyň aýratyn bir jadysy bar. Bu jady her bir ynsanyň kalbynyň töründe orun alyp, aradan ýyllar geçse-de, oňa bolan söýgi hiç peselmeýär. Täze ýylyň golaýlaşmagy bilen, ýagşy ýatlamalar hakydalara dolýar. Göz öňüňde owadan bezelen arçalar, sowgat paýlamaga gelen Aýazbabadyr Garpamyk, dürli süýjülikler bilen bezelen desterhan, bal tagamly tortlar bu baýramçylygyň esasy aýratynlyklary bolup janlanýar. Elbetde, süýjülik tortlary her birimiziň halaýan tagamymyz. Onda-da Täze ýylda ýa-da doglan günleriň toý dabaralarynda, durmuş gurýan ýaşlaryň bagtly pursatlarynda süýjülik tortlaryndan dadylmagy gelýän Täze ýyl üçinem, ýaş toýuny belleýänler, ýaş juwanlar üçinem süýji durmuşyň arzuwlanyp, ýagşy dilegleriň edilmegi, elbetde, indi halklaryň arasynda adata öwrülip gitdi. Italýanlarda «tort» sözi — «tegelek çörek» diýen manyny aňladýar. Dünýäde 20-nji iýul Halkara tort baýramçylygy hökmünde bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk her ýyl «Men seniň ýanyňa tortly barýaryn» şygary bilen geçirilýär. Baýramçylygyň süýjülik torty bilen bagly bolmagy adamlaryň, halklaryň arasyndaky dostlugy, süýji gatnaşyklaryň mizemezligini, şol babatda abadan, asuda durmuşy şöhlelendirýär.

Taýýarlan Maýagözel JEPBAROWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.