Maşgala terbiýesiniň aýratynlygy

22 Dekabr 2022
745

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynda ýaş nesliň terbiýesi uly orny eýeleýär. Bu bolsa her birimize döwrebap garaýyşly gözleglere girişmäge esas berýär. Häzirki wagtda ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ata-babalarymyzdan miras galan milli terbiýäniň taryhy köklerini öwrenmäge, terbiýeçilik işindäki däplerimizi bir ýere jemlemäge we döwrümiziň talaplaryna laýyk ösdürmäge giň ýol açyldy.

Terbiýe — bu adamyň öz ýaşaýan jemgyýetiniň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, özüňi alyp baryş kadalaryny hem-de medeniýetini özleşdirmäge gönükdirilen ösüşidir. Şol ösüşiň ilkinji basgançagy bolsa maşgalada gurulýar, çagany terbiýelemekde maşgala esasy düzümleriň biri bolup durýar. Ýaşlaryň ähli zatda maşgala däplerine eýerýändikleri, ata-enelerinden görelde almak bilen, olara meňzejek bolýandyklary maşgalanyň jemgyýetiň ösüşindäki möhüm ornuny kesgitleýär. Ata-enäniň gylyk-häsiýeti, olaryň gatnaşyklarynyň nusgasy, ruhy derejeleri, ahlak sypatlary, dünýägaraýyşlary çagalar tarapyndan kabul edilýär. Çagalaryň gören göreldesi, alan nesihatlary bolsa, olarda daş-töwerek bilen gatnaşyklar babatda garaýyşlary kemala getirýär. Maşgalada milli däpler esasynda berilýän terbiýe olaryň jemgyýet üçin oňat adamlar bolup ýetişmeklerine, durmuşda dogry ýoly saýlap almaklaryna hem-de zyýanly endiklerden gaça durmaklaryna kömek edýär.

Durzada REJEPOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy, polisiýanyň kapitany.