Täze ýyl bu öýe başgaça gelýär

28 Dekabr 2022
766

Bu öýde dört lukman we iki mugallym Täze ýyly bilelikde garşylaýar. Hawa, olaryň ählisi bir maşgalanyň agzalary. Eger ata kesbini ogullary ýöredýän bolsalar, ene kesbini maşgalanyň gyzyna öwrülen gelinleriň biri dowam edýär. 2023-nji ýylyň edil öňüsyrasynda bu maşgalanyň myhmany bolmak miýesser etdi.

Eger Türkmenabatda ýaşaýan bolsaňyz, 1-nji saglyk öýüniň rentgenolog lukmany Rozymyrat Nazarowyň adyny kän eşidensiňiz. Hawa, ol şo-ol Rozymyrat lukman. Rentgenologa ýüz tutýan kän, onuň işinden hoşal bolup, adyna alkyş okaýan has kän. Ýanýoldaşy Nurjemal gelneje bilen iki ogly ösdürip, kemala getiren Rozymyrat aganyň özi bilen ogullary we uly gelni il-günüň saglygyny gorasa, Nurjemal gelnejedir kiçi gelin çagalara bilim, sowat paýlaýarlar. Garaz, bu öýde hemmeler gowulyk paýlaýar. Şonuň üçin maşgalanyň ähli agzasy il içinde arzyly.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.