2023 — towşan ýyly — şowlulyklaryň ýyly

23 Dekabr 2022
1937

Gündogar senenamasynyň ýylyň on iki aýyna saýlan jandarlarynyň arasynda towşan hormatly orny eýeleýär. Sebäbi towşan mähirli, maşgalasyny goraýjy, daş-töweregindäkiler bilen gowy gatnaşykda bolup bilýän, her bir ýagdaýdan ugur tapýan hökmünde bolansoň, onuň ady bilen bagly ýyl adamlara üstünlik, mylaýym gatnaşyklar, maşgalasyna bagtyýarlyk we söýgi getirýär. Towşan göräýmäge ejiz ýaly, ýöne ol ýykylsa-da, hiç ýerini agyrtman, derrew turup bilýär. Astrologlaryň çak edişine görä, 2023-nji ýyl towşanyň häsiýetine meňzeş asudalyk we bagtyýarlyk ýyly bolar.

2023-nji ýylda zenanlara saglygyna, daşky keşbine, içki duýgularyna köpräk üns bermek maslahat berilýär. Öňki ýyldaky ýaramaz ýatlamalary ýadyňyzdan çykaryň. 2023-nji ýyl nerw dartgynlylygyny sazlamagyň tüýs wagty. Özüňi deňagramly we erkin alyp barmak — bu ýylyň şygary. Akym boýunça ýüzüp, wagta ynanyň, şeýle bolanda, ähli arzuw-hyýallaryňyz öz-özünden hasyl bolar. Towşan ýylyndaky durnuklylyk ykdysady çökgünlikden daşlaşdyrar.

Aýna NIÝAZGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.