Görkli göwnüň gözbaşy

23 Dekabr 2022
1103

Hawa, şol günki «çaýly» gürrüň meni uzak wagtlap pikirlenmäge mejbur etdi. 30 ýyl bäri adamsyna çaý guýup berýän, balajyklaryny ganatynyň aşagynda penalap oturan zenanyň salgysyna aýdylan pikirler, gender deňligi baradaky gürrüňler köp oýlandyrdy. Waheýýý... Çaý diýýäňizmi?!.. Eziz enelerimiziň ömrüniň has wajyp, jogapkärli pursatlaryndan habar bersene! Olaryň aladasy ýetik güzeranynyň birje ülşüne diň salyp göräýeliň:

Bäbekhanadaky ol gün güzerine üýtgeşik mähir inen duýgulary ömrüň özüne bagyşlan bu ýakymly pursadyna teşnelikden, elindäki akja bäbegine bolan söýgüden ýaňa Abadanyň ýüregi kükregine sygmajak bolýardy. Ykbalynyň şeýle mähriban hem eziz peşgeşiniň eneler üçin näderejede gymmatlydygy hakynda oýlanýardy. Hut şol pursadam mähriban käbesiniň gapdaldaky otaglaryň biriniň penjiresini kakyp: «Abadan Amanowa bolmaly, şol siziň ýanyňyzda dälmi?» diýen sesi eşidildi. Gelniň ýüregi howlady. Penjirä golaýlap: «Eje, men bärde-e» diýip gygyrdy. Ene gyzynyň sesini eşitmedi. Abadan penjiräni açdy-da, sesiniň ýetdiginden «Eje-e...» diýip gygyrdy. Penjiräniň aňyrsyndan bu dünýäniň hiç bir lezzetine, genji-hazynasyna çalşyp bolmajak ýakymly ses eşidildi: «Jana-a...» Bu ses mähriban enäniň uzak gije horugyp, janyndan jan aýrylan balasyna duýgudaşlygynyň sesidi. Şol ýakymly jümle Abadanyň janyna hoş ýakyp, on iki süňňüni bogun-bogun yzarlady. Gelin gözlerinden paýran damjalary käbesinden gizlejek bolup başagaý boldy. Bu gözýaşlar dek düýn, enelik dünýäsine gadam basan ilkinji pursadyndan eziz käbesine, şol sanda ähli enelere bolan öňkülerden has üýtgeşik söýgi-hormatyň, ýüz esse agralan bergi-borjuň agramyny duýan köňlüň gözýaşlarydy. Hawa, şol agramyň labyryny gerdenine göteren enelerimiziň elinden çaý içmek olary kemsitmek bolup bilermi? Olaryň elinden içen çaýymyz ýöne bir çaý däl, ol bal suwy, janymyza jan berýän, ömrümize ömür goşýan keramatly abyzemzem suwudyr, derdimize em bolýan abyköwser melhem suwudyr. Olar bize janyndan jan berdiler, söweşe — durmuş söweşine olary hiç kim mejbur etmedi. Bu olaryň arzylap, arzuw edip ýeten derejeleri. Bilýäňizmi, bu «söweş» haçan başlandy?! Bu çekeleşigi biziň enelerimiz entek gulpaklyja çaga wagtlary öz boýunlaryna aldylar. Nowça gyzjagazyň gurjakgoş oýunlaryny ýadyňyza salaýyň! Öz gurjajygy üçin ähli gowulyklary, ýaşaýşyň ähli eşretlerini döretjek bolup janserek bolşuny ýatlaň! Arzuwlaryň ummanyna atarýan şo-ol horoşaja, kir-kimirsiz, kirşensiz, bigam menzilden başlanýan arzyly, mertebeli heňňam bu...

Jahan ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».