HABARLAR

Wa­tan­per­wer­li­giň nus­ga­sy

ýa-da hal­ky­my­zyň be­ýik og­ly Nej­med­din Kub­ra ha­kyn­da ke­lam Türkmen taryhda özüni dörediji hökmünde ykrar etdirip bilen gadymy halkdyr. Tebigy şahandazlygy bilen dünýä belli dessanlary, şadessanlary döreden halkymyz mertligiň, medeniýetliligiň, gahrymançylygyň mekdebi bolan beýik şahsyýetleri hem kemala getiripdir. Eziz Diýarymyzda doglup, önüp-ösüp, gaýratlydygy, dogumlydygy akyl-paýhasy, geçmişde bitiren ägirt uly hyzmatlary bilen adamzadyň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň mertebesi bolsa hemişe belentde saklanýar. Geçmiş taryhymyzda öçmejek yz galdyran şeýle şahsyýetleriň biri Nejmeddin Kubra hakyndaky buýsançly taryhy hakykaty okyjylara ýetirmegiň özem sogaply işdir.

Çu­wal bag­şynyň öýün­de

Durmuşda bolup geçen käbir wakalar hemişelik ýadyňda galýar. Ol, esasan-da, döredijilik adamlary, sungat ussatlary bilen bagly bolsa, has-da şeýle bolýan borly. Ýazyjy Ahmet Halmyrat hem-de mirasgär Atda Gurbangeldi bilen Kaka topragyna baryp, Onbegi obasynda Çuwal bagşynyň öýüne myhman bolanymyz bäri, esli ýyl geçipdir. Ýöne ol göwnüme şu gün bolup geçen ýaly bolup dur. Çuwal bagşynyň gadamy düşen, ruhy siňen sadaja öýde onuň ogly Annaguly aga ýaşaýan eken. Annaguly gyjakçy şol wagt segseniň onuny tegelän-de bolsa, huşy metda diýilýänlerden eken. Onuň Çuwal bagşy hakynda berýän gürrüňleri täsirlidi. Bu okyjylar üçinem täsirli bolar diýip pikir edýärin. — Biziň atamyza Garly aga, enemize Ogulnur — Ogul eje diýer ekenler. Atamyz kümüşçi ussa bolan. Onuň Mämmetguly, Magtymguly, Hudaýguly, Gülbar, Oguldöndi, Annagözel diýen çagalary bolupdyr.

Taryhymyzy öwrenen alym

Ylmyň dürli ugurlary boýunça dünýäde tanymal alymlaryň bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem arheologiýa ylmynda özüni tanadan, uly-uly işleri bitiren meşhur arheolog alymlar az däl. Olaryň biri hem taryh ylymlarynyň doktory, professor, halypa, mugallym Hemra Ýusubowdyr. Geljekki arheolog alym 1936-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda dünýä inýär. 1945 — 1952-nji ýyllarda obasynda ýedi ýyllyk mekdebi tamamlaýar. Okuwyny Türkmenbaşy şäheriniň 2-nji mekdep-internatynda dowam etdirýär. Ol 1955 — 1960-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, taryh-hukuk bölümini tamamlaýar.

Türkmeniň demirgazyk ýaýrawy (Garagalpak türkmenleri)

Özbegistan döwletiniň Garagalpagystan awtonom respublikasynda ýaşaýan türkmenler halkymyzyň iň demirgazykda ýerleşen bölegidir. Garagalpagystanly türkmenleriň oturýan ýerleri taryhy geçmişde gadymy Horezm, Köneürgenç türkmenleriniň döwletlerine we soňra Hywa hanlygyna degişli bolupdyr. Eýsem, türkmenler ol topraklara haçan we näme sebäpden düşdülerkä? Özbegistanyň Garagalpagystan respublikasynda ýaşaýan türkmen kowumdaşlarymyz häzirki ýaşap oturan ýerlerine aýry-aýry wagtlarda göçüp barypdyrlar. Türkmenleriň bu ülkä ilki gadam basanyndan bäri indi iki asyr töweregi wagt geçipdir. Olar ilkibaşda Balkan, Gürgen we Maňgyşlak sebitlerinde ýaşapdyrlar. Taryhdan mälim bolşy ýaly, ХVII — ХIХ asyrlar türkmen taýpalarynyň göçe-göçlük döwri bolupdyr. Uzboý arkaly öz suwuny Hazar deňzine guýan Amyderýa ХVII asyrda öz akymyny üýtgedip, Aral deňzine guýup başlaýar. Suw bolmansoň bu sebitde ekerançylyk we ýaşaýyş-durmuş pese gaçýar. Ilat ekerançylyk üçin täze ýerleriň gözlegine çykmaly bolupdyr. Suw ýetmezçiligi, galyberse-de käbir syýasy ýagdaýlar türkmen tire-taýpalarynyň belli bir böleginiň Amyderýanyň sag kenaryna göçmegine sebäp bolupdyr.

Aşgabadyň täsin sagatlary

Aşgabadyň mähriban ady, onuň taryhy, şu güni hem-de geljegi bilen bagly her bir jümle watandaşlarymyzyň ýüreginiň töründe mydamalyk orun alýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda paýtagtymyzyň taryhy barada täsin maglumatlar teswirlenip, Watanymyzyň baş şäherine bolan söýgimizi, buýsanjymyzy barha joşdurýar. Milli Liderimiziň dana paýhasyndan dörän kitabynda belleýşi ýaly, «Gündogaryň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän bu şäher gelim-gidimli, ünsüňi özüne çekýän merkez bolup, asyrlaryň gatynda özi baradaky hakykaty ýaşadyp gelýär. Biz onuň taryhyna, şöhratly geçmişine sarpa goýýarys». Taryha ser salsak, Aşgabadyň sagatlary barada giden bir dessan ýazyp wasp etmäge mynasypdygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar. 1901-nji ýylda bolsa Aşgabat demir ýol menziliniň binasynyň gurluşygy tamamlanyp ulanmaga berilýär. Onuň asmana uzaýan minarasynyň dört tarapynda sagat oturdylypdyr. Bu binagärlik çözgüdiniň pelsepesi halkymyzyň şöhratly taryhy geçmişine hem-de ruhy ýörelgesine esaslanýar, ýagny Aşgabatdan — gadym oguz ilinden dünýäniň çar künjegine ak ýollaryň uzap gidendigini aňladýar. Munuň özi Watanymyzyň şöhratly taryhymyzyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi, hereketlendiriji güýji bolandygyny ýene bir ý

Döwrebap usullar, ylmy gözlegler

Hormatly Prezidentimiziň alymlaryň öňünde goýýan wezipelerinden ugur alyp, türkmen taryhçylary halkymyzyň geçmişini, arheologiýa gymmatlyklaryny, etnografiýa, antropologiýa meselelerini öwrenmekde degişli işleri durmuşa geçirýärler. Alym Arkadagymyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň işini häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek üçin olaryň iň täze enjamlardyr barlaghanalar we kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilmegine giň mümkinçilik döredip berdi. Türkmen alymlary dünýäniň ylmy merkezleri, meşhur uniwersitetleri bilen gatnaşyk saklap, olar bilen şertnama esasynda işleşýärler. Germaniýanyň, Italiýanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň we beýleki döwletleriň ylmy edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek hem-de bilelikde ylmy-barlag işlerini geçirmek babatda gepleşikler alnyp barylýar. Häzirki wagtda türkmen taryhçylary halkymyzyň geçmişini, döreden döwletlerini, dünýä medeniýetine hem-de adamzadyň ösüşine goşan goşandyny toplumlaýyn öwrenýärler. Alymlarymyz ylmy-barlag işlerinde köptaraplaýyn ugurda işläp, taryhymyzy, gadymdan galan şäher-obalaryň galyndylaryny, ol ýerden tapylan gymmatlyklary, täsin ýadygärlikleri yzarlap, däp-dessurlarymyza, dilimize, edebiýatymyza deg

Gadymy Köneürgenç taryhyň şöhratly sahypalarynda

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistan geografiýa taýdan Günbataryň we Gündogaryň köp ýurtlaryny özüne birikdiren bu ymgyr uly ýoluň çatrygynda ýerleşipdir» diýip belleýär. Şeýle-de bu kitapda tanymal alymlaryň, akyldarlaryň we jahankeşdeleriň beýan edýän gymmatly maglumatlaryna uly ähmiýet berlipdir. Şeýle alymlardan biri hem 1208 — 1283-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen, taryh, fykyh, matematika, fizika, astronomiýa, geografiýa, geologiýa ýaly ugurlarda özüni dünýä tanadan beýik alym Zakariýa ibn Muhammet ibn Mahmyt Kazwinidir. Zakariýa Kazwini «Asarul-biläd we Ahbarul-ybad», «Ülkeleriň yzlary we milletleriň habarlary» atly kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherler barada gyzykly maglumatlary beýan edipdir. Şeýle şäherleriň biri hem Köneürgenç şäheri bolup, irki ylmy çeşmelerde onuň ady «Jürjaniýe» görnüşinde ulanylypdyr. Awtora salgylanyp, Köneürgenjiň örän güýçli, edermen we gaýduwsyz ilatynyň bolandygyny aýtmak mümkin. Onuň gürrüň berşine görä, bu şäher örän uly we köp ilatly bolupdyr. Döwrüniň kyn şertlerine garamazdan, şäheriň ilaty dürli howplardan goranmagy başarypdyr. Kazwini bu şäheriň söwdagärinden gassabyna, çörekçisinden tikinçisine çenli hemm

Aýdym-sazyň piri

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň çägini aralap geçýän uly ýoldan çepe öwrüm edip, esli ýöräniňden soň, giňiş düzlükde howalanyp oturan, dört gyraňy memmerli metjide nazaryň kaklyşýar. Aşyk Aýdyň piriň äleme dolan meşhur ady mübäreklenip, geçen asyryň ahyrynda bina edilen bu metjide barýan ýoluň ugrunda türkmen dutarynyň äpet heýkeli bar. Metjidiň kyblaroýunda piriň aramgähi ýerleşýär. Asyrlaryň hekaýatyny taryha gönderip, syrly dymyp oturan şol aramgähiň golaýynda meşhur gadymy gala — Diýarbekir, onuň ýakynynda bolsa ýene bir gümmez seleňläp görünýär. Ol halk arasynda beýik piriň zehinli şägirtlerinden biri Seýit Jemaleddin Soltan Töwrize degişli edilýär. Gadymy Was topragynda uly taryhy geçmişli şäherleriň birgideni bar, olar, daş-töweregi başdanaýak gür baglyk bilen örtülen goýry kölegäni ýada salýandygy üçin, Tünüderýa adyny alan gadymy derýany jähekläp otyrlar. Aşyk Aýdyň piriň ykbaly şu gadymy şäherler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dörän gymmatlyklar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren gymmatly bahasyna görä, Türkmenistan Watanymyz ýedi müň kilometrden hem uzaklara uzap gidýän, iki müň ýyla golaý wagtlap dünýä halklaryna hyzmat eden Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Beýik Ýüpek ýoly bilen uzak menzilleri söküp, Gündogaryň Beýik imperiýasy — Hytaý bilen, Günbataryň Beýik imperiýasy — Rimiň arasynda täjirleriň söwda aragatnaşygyny ýola goýup, gatnap ýören ýyllarynda hem gelin-gyzlaryň el hünärinden dörän, halklary haýrana goýýan türkmen halylarynyň, gamyşgulak bedewleriň medeniýetiň ikinji gatlagy bolan Parfiýa medeniýeti döwründe dünýä halklarynyň arasynda uly şöhrata eýe bolandygyny, görnükli alymlar W.W.Bartold, W.M.Masson aýratyn nygtap geçýärler.

Milli mirasyň hazynasy

Ata-babalarymyz bize gymmatly miras galdyrypdyrlar. Şol mirasa eýe çykmak, ony öwrenmek we wagyz etmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da giň gerime eýe boldy. Taryhda muzeýleriň tutýan ornuna ser salsak, ol örän gadymy döwürlere uzap gidýär. Adamzat taryhynda ilkidurmuş daş asyrlary döwründen başlap, adamlarda ynanç we durmuşa medeni tarapdan garamak öň hatarda durupdyr. Iňňän gadymy döwürlerde hem adamlar öz ýaşaýan ýerlerini bezemek, dürli gurallardan peýdalanyp, ilkinji bezeg şaýlaryny ýasamak bilen meşgullanypdyrlar.