Ata-babalarymyz bize gymmatly miras galdyrypdyrlar. Şol mirasa eýe çykmak, ony öwrenmek we wagyz etmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da giň gerime eýe boldy.
Taryhda muzeýleriň tutýan ornuna ser salsak, ol örän gadymy döwürlere uzap gidýär. Adamzat taryhynda ilkidurmuş daş asyrlary döwründen başlap, adamlarda ynanç we durmuşa medeni tarapdan garamak öň hatarda durupdyr. Iňňän gadymy döwürlerde hem adamlar öz ýaşaýan ýerlerini bezemek, dürli gurallardan peýdalanyp, ilkinji bezeg şaýlaryny ýasamak bilen meşgullanypdyrlar.