Islendik döwletiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyndan, baý geçmiş taryhyndan, kuwwatly ösüşlerinden we geljekki menzillerinden habarly bolmak üçin şol ýurtda syýahatda bolmak ýeterlik. Sebäbi şowly syýahat netijesinde şol ýurdy hemmetaraplaýyn öwrenmäge we özüňde ajaýyp pursatlary galdyrmaga oňaýly mümkinçilik döreýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 27-nji aprelinde sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda paýhasly pederlerimiziň döreden milli gymmatlyklaryny, halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly däp-dessurlaryny gorap saklamak, şeýle hem olary ylmy taýdan öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny bellemegi, ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynyň ösüşine hem-de geljekde amal edilmeli işlere uly üns berilýändigini alamatlandyrýar. Şu aýdylanlardan ugur alyp, berkarar Watanymyzyň syýahatçylyk üstünliklerini, mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmek we halkara derejesinde ýaýmak döwrüň möhüm meseleleriniň biridir.
Taryh — geçmişden galan ýadygärlik, nesillere miras galjak maddy we ruhy baýlyk. Syýahatçylygyň aýry-aýry görnüşleriniň arasynda hem medeni-öwrenijilik syýahatçylygyna möhüm orun degişlidir. Bu syýahatçylyk taryhy-medeni ähmiýetli gymmatlyklara baryp görmek, öwrenmek we medeni çärelere gatnaşmak maksady bilen amala aşyrylýar. Dünýä syýahatçylarynyň syýahatsöýer kalbyna ruhy lezzet paýlaýan ýerler hem, esasan, taryhy-medeni künjeklerdir. Taryhyň sedasy siňen, häzirki wagtda ösen syýahatçylyk merkezlerine öwrülen taryhy ýerleriň biziň ýurdumyzda-da iňňän köp bolmagy buýsançly ýagdaýdyr. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň Syýahatçylyk kartasynda ýerleşdirilen, Murgap derýasynyň köne hanasynyň aýagyndaky «gadymy gündogar şalygy hasaplanylýan» Marguş döwletidir. Bu makalamyzda okyjylary dünýä syýahatçylarynyň gelim-gidimli ýerine öwrülen Marguşyň geçmişine, şu gününe we geljegine «gaýybana syýahata äkitmegi» maksat edindik.