Aşgabadyň täsin sagatlary

27 Iýul 2021
2632

Aşgabadyň mähriban ady, onuň taryhy, şu güni hem-de geljegi bilen bagly her bir jümle watandaşlarymyzyň ýüreginiň töründe mydamalyk orun alýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda paýtagtymyzyň taryhy barada täsin maglumatlar teswirlenip, Watanymyzyň baş şäherine bolan söýgimizi, buýsanjymyzy barha joşdurýar. Milli Liderimiziň dana paýhasyndan dörän kitabynda belleýşi ýaly, «Gündogaryň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän bu şäher gelim-gidimli, ünsüňi özüne çekýän merkez bolup, asyrlaryň gatynda özi baradaky hakykaty ýaşadyp gelýär. Biz onuň taryhyna, şöhratly geçmişine sarpa goýýarys».

Taryha ser salsak, Aşgabadyň sagatlary barada giden bir dessan ýazyp wasp etmäge mynasypdygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar. 1901-nji ýylda bolsa Aşgabat demir ýol menziliniň binasynyň gurluşygy tamamlanyp ulanmaga berilýär. Onuň asmana uzaýan minarasynyň dört tarapynda sagat oturdylypdyr. Bu binagärlik çözgüdiniň pelsepesi halkymyzyň şöhratly taryhy geçmişine hem-de ruhy ýörelgesine esaslanýar, ýagny Aşgabatdan — gadym oguz ilinden dünýäniň çar künjegine ak ýollaryň uzap gidendigini aňladýar. Munuň özi Watanymyzyň şöhratly taryhymyzyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi, hereketlendiriji güýji bolandygyny ýene bir ýola ykrar edýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň II kitabynda şeýle ýazýar: «Dünýäni söküp, yklymlary birleşdirýän ýollar nowjuwan Türkmenistanyň üstünden geçýär. Ýollary gadymy Oguz ýurdy birleşdirýär. Ýollar Türkmenistandan dünýäniň çar künjüne sary rowan bolýar. Bu taryhy hakykatyň üçünji müňýyllygyň başky çärýeginde täze röwşe eýe bolandygy dünýä äşgär».

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni.