Türkmen külalçylygy

13 Iýul 2021
2415

Türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasynyň kökleri taryhyň çuňlugyna siňip gidýär. Aziýanyň merkezinde, kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşen bu gadymy topragyň özboluşly medeniýeti diňe bir saklanyp galmak bilen hem çäklenmän, ol özara medeni gatnaşyklar, täsirlenmeler arkaly baýlaşdy we medeni taýdan ýakynlaşmalaryň barşynda düýpli ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistan geçmiş taryhymyza şaýatlyk edýän gadymy ýadygärliklere baý ýurtdur. Ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän uly şäherleriniň biri hem Şähryslamdyr. Orta asyrlarda Täk Ýazyr ady bilen belli bolan şäheriň biziň günlerimize gelip ýeten durky Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň merkezinden 20 km demirgazykdaky düzlükde ýerleşýär.

Nurgözel BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyňbaş ylmy işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty.