Buz­gaý­mak ni­re­de dö­räp­dir?

7 Iýul 2021
2827

To­mus pas­ly diý­len­de, il­kin­ji göz öňü­ne gel­ýän zat­la­ryň bi­ri hem buz­gaý­mak­dyr. Dür­li gör­nüş­le­ri bi­len köp­le­riň, hu­su­san-da, kör­pe­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nan buz­gaý­ma­gyň dö­re­ýiş ta­ry­hy bi­len gy­zyk­lan­ma­ýan adam az bol­sa ge­rek. Biz hem ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da buz­gaý­ma­gyň ta­ry­hy bi­len bag­ly gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

Buz­gaý­mak il­kin­ji ge­zek, tak­my­nan, üç müň ýyl mun­dan ozal Hy­taý­da taý­ýar­la­nyp­dyr. Şol wagt­lar Hy­ta­ýyň bar­jam­ly adam­la­ry mi­we şi­re­si­ne gar bi­len bu­zy go­şup, sa­ça­ga äbe­rip baş­lap­dyr­lar. Buz­gaý­ma­gyň ýa­sa­lyş usu­ly örän giz­lin­lik­de sak­la­nyp­dyr. Soň­lu­gy bi­len şer­bet hem-de dür­li mi­we­ler­den doň­du­ry­lyp ýa­sa­lan ta­gam alys­da­ky ýurt­la­ra ýaý­rap­dyr.