Döwrebap usullar, ylmy gözlegler

23 Iýul 2021
2452

Hormatly Prezidentimiziň alymlaryň öňünde goýýan wezipelerinden ugur alyp, türkmen taryhçylary halkymyzyň geçmişini, arheologiýa gymmatlyklaryny, etnografiýa, antropologiýa meselelerini öwrenmekde degişli işleri durmuşa geçirýärler. Alym Arkadagymyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň işini häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek üçin olaryň iň täze enjamlardyr barlaghanalar we kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilmegine giň mümkinçilik döredip berdi. Türkmen alymlary dünýäniň ylmy merkezleri, meşhur uniwersitetleri bilen gatnaşyk saklap, olar bilen şertnama esasynda işleşýärler. Germaniýanyň, Italiýanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň we beýleki döwletleriň ylmy edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek hem-de bilelikde ylmy-barlag işlerini geçirmek babatda gepleşikler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda türkmen taryhçylary halkymyzyň geçmişini, döreden döwletlerini, dünýä medeniýetine hem-de adamzadyň ösüşine goşan goşandyny toplumlaýyn öwrenýärler. Alymlarymyz ylmy-barlag işlerinde köptaraplaýyn ugurda işläp, taryhymyzy, gadymdan galan şäher-obalaryň galyndylaryny, ol ýerden tapylan gymmatlyklary, täsin ýadygärlikleri yzarlap, däp-dessurlarymyza, dilimize, edebiýatymyza degişli maglumatlary öwrenmek bilen, häzirki döwrüň ýokary tehniki barlaghanalaryny we täze enjamlaryny ulanyp, barlaglary, deňeşdirmeleri geçirýärler. Örän çylşyrymly şeýle barlaglarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Himiýa institutynyň we Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanalarynyň ýardam bermeginde tapyndylaryň himiki we biologik seljermeleri geçirilip, taryhçylar olaryň ýer-ýurtlaryny anyklaýarlar. TYA-nyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň golýazmalar gaznasy hem-de TYA-nyň Merkezi kitaphanasy taryhçy alymlaryň hyzmatynda. Bu ylmy edaralaryň hünärmenleri hem geçmişiň näbelli sahypalaryny aýan etmekde alymlara ýakyndan goldaw berýärler.

Han-Durdy GURBANOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, taryh ylymlarynyň kandidaty.