Hatyra güni – hakyda güni
6-njy oktýabrda ir bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän we edermen gahrymanlarymyza çuňňur buýsanjyň, halkymyzyň beýik geçmişine hormatynyň belent nyşanyna öwrülen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna geldi. Şol gün – Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatladylar. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz gatnaşdy. Hatyra güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerde aýat-töwir okaldy, sadakalar berildi. Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirildi. Hakyda milletimiziň ýaşaýşynyň aýrylmaz ruhy bölegidir. Ol nesilleri birikdirýän berk ýörelge bolmak bilen diňe bir gözbaşlarymyzy we däp-dessurlarymyzy gorap saklamak däl, eýsem, taryhy tejribäniň esasynda milletiň täze ykbalyny, ýagty geljegini gurmaga mümkinçilik berýär. Hatyra güni milleti birleşdirýär we