Saud Arabystanynyň demirgazygyndaky äpet daşlaryň ýüzüne oýulyp ýasalan düýe heýkelleriniň 6 müň ýyllyk taryhynyň bardygy mälim edildi. 2018-nji ýylda gurak sebitde 21 sany düýe we at şekilleri tapylypdy. Alymlar Iordaniýadaky iki müň ýyl mundan ozal ýasalan «Petra» harabalyklaryna meňzeşdigini göz öňünde tutup, bu daşlaryň hem iki müň ýyllyk taryhynyň bardygyny pikir etdiler. Emma düýpli geçirilen barlaglaryň netijesinde bu tapyndylaryň 6-8 müň ýyl ozal ýasalandygyny anykladylar. Bu barada «Journal of Archaeological Science Reports»-da ýaýradylan ylmy işde bellenilýär.
Ylmy işiň awtory, Germaniýadaky Maks Plankyň adyny göterýän adamzat taryhynyň bilim institutynda işleýän, doktor Mariýa Guagnin: «Şol döwürde ýaşan adamlar bu ýere öwran-öwran gaýdyp gelipdir, bu bolsa ýadygärlikleriň simwol hökmünde asyrlaryň dowamynda ähmiýetli bolandygyny görkezýär» – diýip belleýär. Doktor Guagnin sebitde şuňa meňzeş başga-da ýadygärlikleriň gözlenjekdigini, bu ýadygärlikleriň goralmagynyň ähmiýetlidigini belleýär.