ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulan gadymy Merw özüniň gadymy Gäwür galasy, Soltan Sanjaryň, Hoja Ýusup Hemedanynyň, kyrk gyzyň, Pälwan Ahmediň we ýene-de ençeme gerçekleriň ýadygärlikleri bilen meşhur. Bu ýadygärliklere zyýarat eden dürli halklaryň syýahatçylary kümmetleriň asyrlaryň dowamynda öz arhitektura keşplerini saklap gelendigine haýran galýarlar. Baýramaly şäheriniň günbatar çetinde Baýramaly — Wekilbazar gatnaw ýolunyň ugrunda ýerleşýän «Mekan» daýhan birleşiginde mertebesi dag aşan Güljemal hanyň öý-muzeýi hem köpleriň ünsüni çekýär. Türkmen halkynyň meşhur zenanlarynyň biri bolan Güljemal han barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda şeýle setirler bar: «XI asyra degişli bolan «Kowusnamanyň» bäşinji fasyly «Ata-enäni sylamak hakynda» diýlip atlandyrylýar. Şular dogrusynda söz açyp, zenanyň ene hökmündäki mertebesiniň ony ulus-ili bilen jebis edýändigini nygtamakçy bolýaryn.
Meşhur türkmen zenanlary bolan Altynjan hatyn, Güljemal han ýaly beýik zenan şahsyýetlerimiziň durmuşy hem meniň bu pikirimiň esaslydygyna şaýatlyk edýändir. Olaryň atlary häzirki döwürde dünýä halklarynyň arasynda giňden tanalýar».