Ak öý — döwletliligiň sütüni

21 Awgust 2021
2745

Gümmezekläp oturan ak öýleriň guruwy ynsan bilen tebigat arasyndaky hökmany jebisligiň teswirine meňzeýär. Açyk serpikden görünýän asman, Gün dogandan tä batýança, onuň düşýän ýerine görä, wagtyň takmynan kesgitlenilişi, ortaradaky ojak, onda başy çalşyrylan ojaryň kesindi bolýança alawlaýşynyň tebigy kemi ýok. Öýde, ojak başynda her kimiň öz orny bar. Daş işikden seredeniňde, ojagyň sag gapdaly gap dul bolup, öý bikesi şol ýerde oturýar.

Öý — öý diýseň öý. Onda ýagdaýyna, mümkinçiligine görä, biş-düş, nahar-şor, çaý-suw işi el ýüzünden bitip durar ýaly, ortarada ojak bar: bugdaýdan doly argyş çuwallar tärime söýelgidir. Çarwa illerinde ýa ýazlagda, göç-gon wagty, hany saňa bugdaý üweder ýaly haraz barmy? Elýeteriňdäki degirmen daşlary taň zatdyr. Ýaňky bugdaý üweler, un ýugrular, hamyr basyrylar. Gördi-bakdy daşary çyg-çimirmi, tamdyra ot goýberip ýörmez. Çygly howada tamdyrtowy köpräk bolmasa, tamdyr agarmajak bolar durar. Ol agarmasa-da, çörek gowy gyzarmaz, çig-çarsylyk bolsa könekileriň isrip diýýänine barýar.

Myrat KULYÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Mary welaýat müdirliginiň müdiriniň orunbasary, uly döwlet bellige alyjysy, 1-nji derejeli ýurist.