Has ir gurlandygy ýüze çykaryldy

5 Awgust 2021
2558

ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä sa­na­wy­na gi­ri­zi­len dün­ýä­niň iň meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk no­kat­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Pe­ru­da­ky Ma­çu-Pik­çu ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň çak­la­ny­şyn­dan has ir gur­lan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Alym­lar bu açy­şyň bir dö­wür Ame­ri­ka ma­te­ri­gi­niň iň uly me­de­ni­ýe­ti bo­lan in­ka­lar ba­ra­da köp zat öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. In­ka­lar ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ryň kö­pü­si­ni is­pan­lar ýaz­ga ge­çi­rip­dir­ler.

ABŞ-nyň Ýel uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry­nyň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ga­dy­my in­ka şä­he­ri­niň 1420-1430-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da gur­lan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Ant­ro­po­log, pro­fes­sor Ri­çard Bur­ge­riň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky yl­my to­par Ma­çu-Pik­çu­ny gur­du­ran Im­pe­ra­tor Pa­ça­ku­ti­niň hä­ki­mi­ýe­te hä­zi­re çen­li mä­lim bo­lan se­ne­sin­den ir ge­çen­di­gi­ni anyk­la­dy. Mu­nuň üçin baş­ga­ça se­ne­len­dir­me usu­lyn­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr.