Şähryslam — geçmişiň ýaňy

9 Awgust 2021
2759

Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy, taryhy ýadygärlikleri öwrenmek, gorap we aýap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda alyp barýan işleri dünýä nusgalykdyr. Mähriban Arkadagymyzyň ylham joşgunyndan dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserini okanyňda, geçmişe gaýybana syýahat eden ýaly bolýarsyň. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleriniň geçirilip, medeni mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilmegi bolsa ýaş nesliň şöhratly taryhymyza bolan gyzyklanmasyny artdyrýar.

Milli Liderimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde Nusaý sebitinden ýene günbatarlygyna gidilende, orta asyr Täk Ýazyr galasynyň galyndylarynyň bardygy, Şähryslam ady bilen tanalýan şäheriň ýerleşýändigi barada ýazýar. Bu gadymy gala baradaky täsin maglumatlar bizde, Ylymlar akademiýasynyň alymlarynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän ýadygärlikler toplumyna baryp görmek höwesini döretdi. Ol ýerde bolanymyzda, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan täsin tapyndylardyr maglumatlar bilen hem tanyşdyk.

Maýagözel JEPBAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.