Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda, gojaman Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşen Türkmenabat şäheri hem medeniýetiň pajarlap ösen ýeri, belli alymlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, öz döwründe halkyna, Watanyna halal hyzmaty bilen tanalan adamlaryň mekany hökmünde mälimdir.
Gojaman taryhyň dürli döwürlerinde halkymyzyň medeni durmuşyny, taryhy-durmuş tejribesini öwrenmekde ygtybarly çeşme bolup durýan, asyrlaryň syryny öz süňňüne siňdiren muzeýler şöhratly geçmişimiz baradaky wakalaryň şaýadyna öwrülen gymmatlyklary özünde jemleýär. Türkmenistanda ilkinji «Ýerli tebigat we çägeligi berkitmek» muzeýi Wladimir Awgustowiç Paleskiniň başlangyjy bilen 1898-nji ýylda Farap demirýol bekedinde döredilýär. Onuň döredilmegi şol döwürde Türkmenistanyň çägi boýunça geçýän Merkezi Aziýa demir ýolunyň gurluşygynyň meseleleri bilen berk baglanyşykly bolupdyr. Demir ýoly çäge syrgynyndan goramak baradaky öz döwrüniň wajyp meselesini çözmek maksady bilen Zakaspi oblastynyň administrasiýasy 1895-nji ýylda Sankt-Peterburgyň tokaýçylyk institutyny tamamlan W.A.Paleskini bu ýere işe çagyrypdyr. Şeýlelikde ýaş hünärmeniň tagallasy esasynda çägeligi berkitmek boýunça dünýäde ilkinji geçirilen işler bilen baglanyşykly maglumatlary toplamak we olary tejribede synamak üçin «Ýerli tebigat we çägeligi berkitmek» muzeýi döredilipdir. Onda Türkmenistanyň ösümlikler dünýäsini gowy bilýän alymlar tarapyndan dürli gerbariler hem-de beýleki maglumatlar toplanylypdyr. Bu muzeý 1921-nji ýylda Farapdan Aşgabat şäherine geçirilipdir.