Milli gymmatlyk
«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde, aýratyn hem, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden taýdan berk, sagdyn, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek barada giň gerimli işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyz bedenterbiýäniň we sportuň ynsan durmuşyndaky ornuna ünsi çekip, «Sport — munuň özi gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň we progresiň belentliklerine tarap ymtylyşyň janly beýanydyr» diýip, ýurdumyzda sagdyn ýaşaýyş durmuş esaslarynyň berk binýadyny goýdy. Şeýlelikde, ýurdumyzyň we halkymyzyň sagdyn we ruhubelent durmuşda ýaşamagyna zerur şertler döredildi.