Milli sportumyzyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi ýurdumyzda bu ulgamyň sazlaşykly ösüşini şertlendirýär. Çünki bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça hereket edýän resminamalar bu ulgamy düzgünleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
«Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işleriň many-mazmunyna hem aýratyn ünsi çekmek gerek. Bu maksatnama bedenterbiýe we sport çäreleriniň giň toplumynyň üsti bilen sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmegi özünde jemleýär. Sportuň ösüşi boýunça kesgitlenen ýörelgeler bolsa milli türgenlerimiziň abraýly halkara ýaryşlarynda uly üstünliklere ýetmeginiň ýolundaky möhüm ädimleri emele getirýär.