Sagdynlygy we ruhubelentligi berkarar etmegiň ilkinji şerti hökmünde sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek möhümdir. Şeýle bolansoň, sagdyn durmuşyň tarapdary Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygynyň mekany hökmünde özüni dünýä tanatmagy başardy. Soňky ýyllarda türkmen türgenleriniň gazanýan beýik ýeňişleri, görkezýän ýokary netijeleri muny doly tassyklaýar. Eziz Diýarymyzda kämil türgenleri taýýarlamak, olarda maksadaokgunlylyk, işjeňlik, erjellik we ýeňşe bolan ynamlylyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek meselelerine uly üns berilýär.
Biziň zähmet çekýän orta mekdebimizde hem sport bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler döredildi. Şeýle mümkinçilikden netijeli peýdalanýan ýaşlar dürli ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler. Golaýda Dänew etrabyndaky 5-nji sport mekdebinde 10-11-nji synp okuwçylaryň arasynda futbol boýunça etrabyň göçme kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Ony Dänew etrabynyň bilim bölümi, etrabyň 24-nji orta mekdebi hem-de TMÝG-niň Dänew etrap geňeşi bilelikde gurady.