Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Bu bolsa jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty wagyz etmek, sport ýurdy hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň özeni bolup durýar.
Türkmenistan — sportuň ösýän ýurdy, biz muňa diňe bir Diýarymyzyň sport babatynda ýeten halkara üstünlikleriniň däl-de, ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen köpugurly stadionlaryň, sport toplumlarynyň, sport mekdepleriniň, bedenterbiýe we sagaldyş desgalarynyň hem-de beýleki sport maksatly binalaryň mysalynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris. «Sport we bedenterbiýe döredijilik başlangyçlaryny, olary durmuşa geçirmäge bolan maksadaokgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem-de güýjüň esasy çeşmesidir» diýip, eziz Diýarymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň ýurdy hökmünde dünýäde gazanan abraýyny täze belentliklere göterýän hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Sagdynlygyň we güýjüň esasy çeşmesi bolan sportuň we bedenterbiýäniň tutuş jemgyýetimizi gurşap almagyny, ýaş nesilleriň sport bilen meşgullanmagyny gazanmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sport ulgamyny döwrebap derejede ösdürmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasatynda hemişe ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolmagynda galýar we bu ugurda alnyp barylýan işleriň öz oňyn netijelerini berýändigine her birimiz şaýatdyrys. Sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde dünýä nusgalyk işleriň amala aşyrylandygy bolsa halkara jemgyýetçiliginiň ykrar eden hakykatydyr.