Welaýatymyzyň dürli künjeklerinde geçirilen sport çäreleridir wagyz-nesihat maslahatlary Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň bellenýän günleriniň ähmiýetini goşalandyrdy. Ajaýyp çäreler baýramçylyk şowhunynyň üstüni sagdyn durmuş ýörelgesiniň many-mazmuny hem-de ähmiýeti bilen ýetirdi.
Daşoguz welaýatynyň çäginde geçirilen dabaralarda sportuň milli görnüşleri boýunça gyzykly ýaryşlara hem-de görkezme çykyşlaryna giň orun berildi. Şeýle çäreleri türkmen milli göreşi boýunça tutluşyklar hem bezedi. Munuň özi asyrlar aşyp biziň günlerimize gelip ýeten türkmen göreşiniň, şol sanda beýleki milli görnüşlerimiziň ajaýyp döwrümizde sazlaşykly ösdürilýändiginden nyşandyr. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan döwletli işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilmegi bilen, milli ýörelgelerimiziň gaýtadan dikeldilýändigini görkezýär.