25 — 30-njy mart aralygynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada geçirildi.
28-nji martda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti halkara olimpiada gatnaşyjylar üçin sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri gurady. Gökderedäki «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýaýbaňlandyrylan sport ýaryşlary olarda ýakymly täsir galdyrdy. Olimpiada gatnaşyjylar küşt, stol tennisi, futbol, tanap çekmek, ýaglyga towusmak boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Ýokary guramaçylygy bilen tapawutlanan sport bäsleşikleri olaryň wagtlaryny şadyýan, gyzykly geçirmeklerine şert döretdi. Bu halkara ders olimpiadasy oňa gatnaşyjylaryň alan bilimlerini doly görkezmegi bilen bir hatarda, olaryň bedenterbiýe-sport babatdaky ukyp-başarnyklaryny aýan etmegine hem mümkinçilik berdi.