Dürdäneler mekany

10 Dekabr 2021
2388

«Köneürgenç binalarynyň beýikligi we üýtgeşik owadanlygy bilen şöhrat gazanyp, dabarasy kerwen ýollary bilen dünýä ýaýran ussalaryň şäheri bolupdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belleýär.

Özüniň gülläp ösen döwürlerinde dünýä jahankeşdelerini haýrana goýan bu mekan, üstünden ýüzlerçe wakalary geçirendigine garamazdan, sadranç ýaly bolup, ilki başky çeperçiligini, asyl nusgasyny saklap otyr. Ol bu gün bütindünýä mirasynyň bir bölegi bolmak bilen, ýerli we dünýä jahankeşdeleriniň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Meretgül GÜRJIÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, mirasy öwreniji.