Habarlar

13 Awgust 2021
621

12-nji awgustda paýtagtymyzdaky ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde «Merdanalyk mekdebi» ady bilen dabaraly çäre geçirildi. Ol içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlandy. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri, harby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, Içeri işler edaralarynyň weteranlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, görnükli ýazyjylar hem-de ugurdaş düzümleriň döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar çykyşlarynda Mälikguly aganyň manyly ömür ýolunyň öz halkyňa we mähriban Watanyňa päk ýürekden gulluk etmegiň, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasy bolup durýandygyny nygtadylar.

Metbugat habarlary esasynda taýýarlanyldy.